Gurbanguly Berdimuhamedow Hyundai Engineering kompaniýasynyň prezidenti bilen duşuşdy

  • 28.03.2024 13:38
  • 15k+

27-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşygy boldy. Onda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary bilen baglanyşykly meseleler gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy.

“Hyundai Engineering Co., Ltd” kompaniýasynyň prezidenti, baş ýerine ýetiriji direktory Hoň Hýon Soň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan etdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow koreýaly hyzmatdaşlaryň gatnaşmagynda dünýäde iň iri gaz ýataklarynyň biri bolan «Galkynyş» käninde kükürtden arassalaýjy zawodyň, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda ýokary oktanly awtoulag benzinini öndürmek boýunça desganyň, Balkan welaýatynda polietilen we polipropilen gazhimiýa toplumynyň gurluşygynyň üstünlikli amala aşyrylandygyny kanagatlanma bilen belledi. Häzirki wagtda ikitaraplaýyn işewürlik gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykaryldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýändigini belläp, “Galkynyş” gaz känini özleşdirmek, şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisiniň gurluşygyny işjeňleşdirmek boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Gurbanguly Berdimuhamedow “Galkynyş” gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmek, ýurdumyzda ýaşlara koreý dilini öwretmek boýunça okuw merkezini gurmak bilen baglanyşykly teklipleri öňe sürdi.
Myhmanlar ägirt uly uglewodorod kuwwatyna eýe bolan Türkmenistanyň ýangyç-energetika pudagynda ýokary üstünlikleri gazanýandygyny we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin amatly şertleri döredýändigini belläp, Koreýa Respublikasynyň kompaniýalarynyň ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga aýratyn gyzyklanma bildirýändiklerini aýtdylar.
Işewürler dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, Türkmenistanda amala aşyrylýan giň möçberli infrastruktura taslamalaryna gatnaşmaga taýýardyklaryny tassykladylar. Myhmanlar Gurbanguly Berdimuhamedowyň beýan eden möhüm teklipleriniň doly öwreniljekdigini nygtap, olar boýunça degişli ylalaşyklaryň gazanyljakdygyna ynam bildirdiler.


şu gün 12:31
729

Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynda galla oragynyň barşy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär....

şu gün 09:55
338

Türkmenistan «MA – Koreýa Respublikasy» birinji sammitiniň taýýarlyk işlerine gatnaşdy

16-njy iýunda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine taýýarlyk görmek......

düýn 11:28
654

Wenada Türkmenistanyň gatnaşmagynda CTBTO-nyň Taýýarlyk komissiýasynyň mejlisi geçýär

Türkmenistanyň wekiliýeti 15—17-nji iýun aralygynda Wena şäherinde geçirilýän Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnama guramasynyň (CTBTO) Taýýarlyk komissiýasynyň 66-njy mejlisine gatnaşýar.......

16.06.2026 19:44
2.1k+

Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy

16-njy iýunda daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýew bilen duşuşdy. Bu barada DIM-iň metbugat gullugy habar......