Gurbanguly Berdimuhamedow Änewde açylan täze metjidiň aýratynlyklary barada gürrüň berdi

  • 28.03.2024 13:29
  • 18k+

27-nji martda Ak bugdaý etrabynyň çäginde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda täze metjidiň açylyşy boldy. Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde agzaçar sadakasyny berdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy şanly waka mynasybetli eden çykyşynda täze metjidiň gurluşynyň aýratynlyklary barada aýtdy.

"Bu metjidiň umumy meýdany 6 gektara barabar. Onda bir wagtyň özünde 500 adam namaz okap bilýär. Dört minarasynyň her biriniň boýy 50 metre ýetýär. Gümmeziniň beýikligi bolsa 30 metre deň bolup, ol bir aýyň gün sanyny aňladýar. Uly gümmeziň gyrasynda 24 penjire bolup, ol bir gije-gündizi alamatlandyrýar. Metjitdäki we bu ýerde gurlan 500 orunlyk sadaka jaýyndaky çyralaryň şekilleri, gümmeziniň, diwarlarynyň nagyşlary bugdaý şekilinde bolup, ol Änewiň ak bugdaýyň we ekerançylygyň ilkinji mekany bolandygyny aňladýar" diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Metjidiň we sadaka jaýynyň içiniň gök nagyşlarynyň Seýit Jemaleddin metjidinde ulanylan şekilleriň reňkindedigine ünsi çekip, Gurbanguly Berdimuhamedow diwarlaryna nesilbaşymyz Oguz hanyň nyşanyny aňladýan sekizburçly nagyşlar çekilen metjidiň mährabynyň ýokarsyndaky ýaşyl reňkli uly yşyklandyryjyda arapça «Alla» diýen ýazgynyň bardygyny aýtdy. Metjidiň we sadaka jaýynyň içindäki halylardaky nagyşlar hem Oguz hanyň nyşanlaryndan alyndy.
Türkmenler öz milli däp-dessurlaryny, medeni gymmatlyklaryny saklap we gorap gelýän halkdyr. Yslam dini halkymyzyň medeni gymmatlyklarynyň aýrylmaz bölegidir. Adamlary halallyk, ynsanperwerlik, ak ýüreklilik ruhunda terbiýelemekde, ýagşylyga çagyrmakda yslam dininiň ähmiýeti uludyr. Nesip bolsa, ýakyn günlerde mukaddes Oraza aýynyň Gadyr gijesiniň hormatyna ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda şunuň ýaly täze metjitler açylyp, olarda ýagşy doga-dilegler ediler diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......