Türkmenistan Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasy bilen has netijeli gatnaşyklary ýola goýmagy goldaýar

  • 28.03.2024 12:24
  • 2.9k+

27-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri” atly halkara maslahata gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň Baş sekretary Zurab Pololikaşwilini kabul etdi.

Işjeň, netijeli ýagdaýda geçen söhbetdeşligiň dowamynda özara bähbitlere laýyk gelýän däp bolan hyzmatdaşlygy ösdürmegiň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen düzümleri, şol sanda Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasy bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistan 1993-nji ýyldan bäri BMG-niň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň agzasy bolup durýar we 30 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda biz hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini topladyk diýip, Prezident nygtady. Döwlet Baştutany hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleriniň entek doly ulanylmaýandygyny belläp, Türkmenistanyň häzirki ýagdaýlaryna we mümkinçiliklerine laýyk gelýän has netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklary ýola goýmagy goldaýandygyny aýtdy.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda syýahatçylyk pudagyny ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Tebigy-howa şertler, uly taryhy-medeni mümkinçilikler, baý milli däp-dessurlar, täze we ýokary hilli infrastruktura üpjünçiligi milli syýahatçylygy ösdürmegiň esasy şertleri bolup durýar. Türkmenistan ençeme gezek Ginnesiň rekordlar kitabynda mynasyp orun eýeledi. Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat dünýäde ak mermerli binalaryň iň köp jemlenen şäheri hökmünde yglan edildi we onuň köp sanly ajaýyplyklary hem dünýä rekordlarynyň kitabyna girizildi.
Türkmenistanyň gadymy döwürlerden bäri siwilizasiýalaryň merkezi bolandygyny, bu ýerden Beýik Ýüpek ýolunyň geçendigini bellemek möhümdir. Köneürgenjiň, Gadymy Merwiň we Nusaýyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen taryhy ýadygärlikleri türkmen halkynyň täsin medeni mirasy, gadymy geçmişi bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Köpetdagyň ajaýyp dag künjekleri, Garagum sährasynyň ösümlik we haýwanat dünýäsi, Amyderýanyň kenarýaka zolaklary, Köýtendag, Hazar deňziniň türkmen kenary ekologik syýahatçylyk üçin ajaýyp ýerlerdir.
Bellenilişi ýaly, sagaldyş we bejeriş, şypahana ulgamy Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ugurdaş desgalaryň, olarda hödürlenilýän hyzmatlaryň sany yzygiderli artýar. Olar şypahana we dynç alyş syýahatçylygy üçin oňaýly şertleri döredýär. Şunuň bilen baglylykda, durmuş-ykdysady taýdan ösüşi hem-de ekologik abadançylygy üpjün etmek üçin ýurdumyzyň mundan beýläk-de durnukly syýahatçylygy ösdürmegi göz öňünde tutýandygy nygtaldy. Onuň maksatlary Durnukly ösüş maksatlaryna doly laýyk gelýär.


14.05.2026 19:01
1.6k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 16:02
12k+

Şäherleriň ululygyndaky howa menzilleri: dünýäniň iň uly 7 howa menzili

Häzirki zaman howa menzilleri köpden bäri diňe uçuş we gonuş nokatlary bolmagyny bes etdi. Olar awiasiýanyň geljekki onlarça ýyllar öňünden logistika, biznes we strategiýa bilen baglanyşykly giň......