Xiaomi kompaniýasy arzan Mijia «akylly» äýnegini tanyşdyrdy

  • 27.03.2024 23:51
  • 8.2k+

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda Mijia brendi bilen täze Smart Audio atly «akylly» äýnegini tanyşdyrdy.

Mijia Smart Audio äýneklerinde düzülip bilinýän dizaýna we alty sany çalşylýan çarçuwa görnüşine eýedir. Zerurlyk bolan ýagdaýynda ulanyjy görüş ýitiligini düzetmek üçin dioptriýaly linzalaryny hem çarçuwa salyp biler.
Adyndan görnüşi ýaly, bu äýnekleriň ünsi sese gönükdirilýär. Gulak kanallaryna ses bermek üçin howa geçiriji tehnologiýasy ulanylýar. Äýnegiň içinde ýörite algoritm arkaly ulanyjylaryň gulagyna ses iberýän ultrases dinamikleri bar. Mundan başga-da, ulanyjynyň söhbetdeşligini beýlekileriň diňlemezligi üçin sesiň syzmagyndan goraýan iki tehnologiýa göz öňünde tutulandyr.
Äýnekde ulanylyş tertibine baglylykda, dürli awtonomlyk görkezijileri bar: 10 sagada çenli aýdym-saz ýaňlanmagy, 7 sagatlyk telefon jaňlary, 24 sagat esasy ulanyş we 11 günden gowrak garaşma tertibi. Mijia Smart Audio äýnegi tutawaçlaryndaky magnit bölümi arkaly zarýad alýar.
Äýnek bedendäki sensor zolaklary bilen dolandyrylýar. Mijia Smart Audio ses buýruklaryny hem goldaýar, ýöne olaryň işlemegi üçin hytaý emeli aň kömekçisi gerek.
Täze önüm 2024-nji ýylyň 27-nji aprelinde Hytaýda satuwa çykarylar. Mijia Smart Audio satuwda 459 ýuana satylar.


03.03.2026 06:09
11k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-nyň kamerasyny iPhone-nyň we Xiaomi-niň kameralary bilen deňeşdirdiler

Internetde Samsung kompaniýasynyň täze flagman smartfony bolan Galaxy S26 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezýän deňeşdirme suratlary peýda bolup başlady. Hususan-da, bir meňzeş sahnanyň birbada birnäçe enjamda, ýagny Samsung Galaxy S26 Ultra, Xiaomi 17 Ultra, Samsung Galaxy S25 Ultra, iPhone 17 Pro Max, Vivo X300 Pro we Oppo Find X9 Pro smartfonlarynda düşürilen suratlary çap edildi...

27.02.2026 19:13
2.6k+

Xiaomi ýanyň bilen göterip bolýan kir ýuwujy enjamyny çykardy

Hytaýyň Xiaomi kompaniýasy özüniň içerki bazarynda Mijia Mini Washer atly kiçijik kir ýuwujy maşynyny hödürledi. Bu model az mukdardaky kirleri ýuwmak üçin niýetlenenligi we tygşytlylygy bilen tapawutlanýar. Enjam bir gezeklik işinde bary-ýogy 0,08 kilowatt-sagat elektrik energiýasyny sarp edýär we 1,2 kilogram eşik ýüklemäge mümkinçilik berýär...

27.02.2026 16:38
2.4k+

Xiaomi Tag trekeri ýiten zatlary tapyp berýär

Xiaomi kompaniýasy zatlaryň ýerini anyklamak üçin niýetlenen täze enjamy — Xiaomi Tag trekerini hödürledi. Bu enjam açar ýa-da torba ýaly özüne berkidilen zatlary aňsatlyk bilen tapmak üçin niýetlenendir. Enjamyň işleýiş ýörelgesi beýleki trekerler ýaly standart usulda...

14.02.2026 14:21
1k+

Xiaomi 4,7 milliard parametrli Robotics-0 bilen robot tehnikasy älemine aralaşyp başlady

Xiaomi kompaniýasy robototehnika pudagy üçin niýetlenen, açyk kodly ilkinji iri göwrümli modelini — Xiaomi-Robotics-0 ulgamyny tanyşdyrdy. 4,7 milliard parametrli bu ulgam robotlary hakyky durmuş şertlerinde akylly dolandyrmak üçin täze mümkinçilikleri açýar...