Aşgabatda Annabibi Islamowanyň 70 ýaş ýubileýine bagyşlanan haly önümleriniň sergisi geçiriler

  • 27.03.2024 22:55
  • 17k+

28-nji martda Aşgabatda Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Annabibi Islamowanyň 70 ýaş ýubileýine bagyşlanan haly önümleriniň sergisi geçiriler.

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda geçiriljek sergide ussat halypanyň elinden çykan dürli görnüşli haly önümleri görkeziler.
Türkmen haly sungatynyň ösüşine mynasyp goşandyny goşan Annabibi Islamowa dokmasynda gadymy haly nagyşlaryny ulanyp, häzirki zaman torbalarynyň dürli görnüşlerini her hili biçüwlerde ýerine ýetirýär. Olaryň çitiminiň syklygy, reňkleriniň ýitiligi haly önümlerini görenleri biparh goýmaz.
Sergide şeýle hem gadymy döwürlerde zat saklamak üçin we öýüň içiniň bezegi hökmünde ulanylan horjunlar, çeper dokalan nepis gapylyklar, iri zatlar salar ýaly uly haly torbalar, zenan torbalary, talyp gyzlar üçin torbajyklar, şeýle hem dürli reňkli we şekilli çagalar üçin torbajyklar görkeziler.
Ata-babalarymyzdan gelýän milli gymmatlyklarymyzyň, däp-dessurlarymyzyň nepis sungatda janlanmasyny görmek isleýänler üçin sergi 28-nji martda 16:00-da açylar.
Giriş hemmeler üçin açyk.

Habarlaşmak üçin:
+99363 37-15-51


düýn 00:03
3.1k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

27.06.2026 19:31
1.9k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......