Aşgabatda syýahatçylygy ösdürmek boýunça halkara maslahat geçirilýär

  • 27.03.2024 15:17
  • 7.6k+

Aşgabatda "Ýyldyz" otelinde «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahat geçirilýär. Maslahatyň öz işine başlamagy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylara Gutlag iberdi.

Döwlet Baştutany Gutlagynda bu maslahatyň dünýäniň syýahatçylyk guramalarynyň arasynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ähmiýetli waka boljakdygyna berk ynanýandygyny belleýär.
Serdar Berdimuhamedow bu halkara maslahatyň Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere badalga bermek dabarasy bilen utgaşykly gelmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini nygtady.

"Änew türkmen halkynyň şöhratly taryhynda özboluşly orny eýeleýär. Bu şäheriň Türkmenistanyň gadymy medeniýetini, milli gymmatlyklaryny, halkymyzyň däp-dessurlaryny dünýäde giňden tanatmakda möhüm ähmiýeti bardyr.
Ýurdumyzyň “Gadymy Merw”, “Nusaý”, “Köneürgenç” ýaly taryhy ýadygärlikleri, Beýik Ýüpek ýolunyň Zerewşan — Garagum geçelgesi, «Bereketli Garagum», «Gaplaňgyr» döwlet tebigy goraghanalary, «Repetek» döwlet biosfera goraghanasynyň we onuň «Ýerajy» çäkli goraghanasynyň çöl ekoulgamlary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Bu ýerler özüniň örän irki asyrlara degişli bolan gadymy ýadygärlikleri we täsin tebigaty bilen dünýä syýahatçylygynda giňden meşhurdyr.
Syýahatçylyk şäherleriniň bütindünýä federasiýasynyň sanawyna girizilen Aşgabat şäheri, ajaýyp binalary bilen haýran galdyrýan Arkadag şäheri, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy, Garagum sährasynyň hem-de Köýtendagyň tebigy täsinlikleri ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçilikleriniň geljeginiň uludygyna doly güwä geçýär. Halkara derejeli şeýle maslahatlaryň geçirilmegi geljekde Türkmenistanyň taryhy-medeni we tebigy ýadygärliklerini, gözel ýerlerini mahabatlandyrmaga, daşary ýurtly syýahatçylary ýurdumyza çekmäge ýakyndan ýardam berer" - diýlip Gutlagda bellenilýär.


25.06.2026 23:36
5.5k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......