Žoze Mourinýu tomusda işe gaýdyp gelmegi meýilleşdirýändigini aýtdy

  • 26.03.2024 10:10
  • 6.8k+

Italiýanyň «Roma» futbol klubynyň öňki baş tälimçisi Žoze Mourinýu tomusda işe gaýdyp gelmegi meýilleşdirýändigini aýtdy.

«Roma» 16-njy ýanwarda portugaliýaly hünärmeniň işinden aýrylandygyny habar berdi. Ol «möjeklere» 2021-nji ýyldan bäri ýolbaşçylyk edipdi, şertnama şu möwsümiň ahyryna çenli niýetlenendir. Şol gün toparyň eýeleri Den we Raýan Fridkinler Mourinýunyň ýerine «Romanyň» öňki oýunçysy Daniele De Rossini bellediler.
«Meniň klubum ýok, men azat. Ýöne men işlemek isleýärin, tomusda işlemek isleýärin. Futbol meniň durmuşym, islendik ýerde tälim berip bilerin, kynçylyk çekmerin» diýip, A Bola Mourinýunyň sözlerini getirýär.
Mourinýu Italiýanyň klubyndan öň Angliýanyň «Mançester Ýunaýted» we «Çelsi» toparlaryna, Madridiň «Realyna», Italiýanyň «Interine», Portugaliýanyň «Portu», «Leýriýa», «Benfika» toparlaryna tälim berdi. Tälimçi hökmünde Çempionlar ligasynyň we Ýewropa ligasynyň (öňki UEFA Kubogy) hersinde iki gezek, Konferensiýa ligasynda bolsa bir gezek ýeňiji boldy.


şu gün 10:24
3.8k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

şu gün 08:15
2.9k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

düýn 15:52
8.1k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
5.2k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......