Jemal Öwlüýägulyýewa Sambony esaslandyryjylaryň kubogynyň çempiony boldy

  • 25.03.2024 12:48
  • 17k+

Türkmen samboçylary 22-nji martda Moskwanyň Halkara sambo merkezinde badalga alan Sambony esaslandyryjylaryň kubogynda ýaryşyň ilkinji güni 1 altyn, 2 kümüş we 1 bürünç medal gazandylar.

Jemal Öwlüýägulyýewa 65 kg çenli agram derejesinde çempion boldy.
Jemal Türkmenabadyň 7-nji sport mekdebiniň tälimçisidir. Öň, 2023-nji ýylyň noýabr aýynda ol Saud Arabystanynyň Er-Riýad şäherinde geçirilen Bütindünýä söweş sungaty oýunlarynda kümüş medal gazandy.
Sosial ulgamlarda ýaýran wideo görä, Öwlüýägulyýewany Moskwadaky ýaryşa dünýäniň we Aziýanyň öňki çempiony, halkara derejesindäki sport ussady Gülbadam Babamyradowa taýýarlady.
Kümüş medallary Nyýazmyrat Babekow (64 kg) we Nedir Allaberdiýew (79 kg) gazandy. Bürünç medaly 80 kg çenli agram derejesinde Saodat Işmyradowa aldy.
Kubogyň ikinji güni we ýaryşlardan soň başlanmaly türgenleşik lageri Podmoskowýedäki “Krokus Siti Holl” konsert zalynda bolup geçen heläkçilikli waka sebäpli ýatyryldy.

“Bütinrussiýa Sambo federasiýasy heläk bolanlaryň we zyýan çekenleriň maşgalalaryna gynanç bildirýär. Bu milli tragediýa” diýip, guramaçylar habarda bellediler.

Ýaryşlara on üç ýurtdan 250-den gowrak samboçynyň gatnaşmagyna garaşyldy: Türkmenistan, Belarus, Azerbaýjan, Ermenistan, Germaniýa, Gazagystan, Gyrgyzystan, Hytaý, Mongoliýa, Täjigistan, Özbegistan, Koreýa Respublikasy we ýaryşyň ýer eýesi bolan Russiýa.
Bellenilen baýrak eýelerinden başga-da, ýaryşlarda Türkmenistana Jennet Orunowa, Nurberdihan Orazmämmedow, Alihan Aýdogdyýew, Kambar Umarow we Agasapar Muhadow wekilçilik etdi.
Sambony esaslandyryjylaryň kubogy sportuň bu görnüşini esaslandyryjylar hasaplanýan Anatoliý Harlampiýewiň, Wasiliý Oşepkowyň we Wiktor Spiridonowyň hatyrasyna bagyşlanýar.


03.06.2026 17:49
3.6k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

30.05.2026 08:45
8.1k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

27.05.2026 18:22
9.3k+

Alp Arslan Begenjow Wýetnamdaky U23 Aziýa çempionatynda altyn medal gazandy

Wýetnamyň Danang şäherinde geçirilen U23 & U17 Asian Championships 2026 yklym birinjiliginde Türkmenistandan erkin göreşiji Alp Arslan Begenjow 23 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýanyň çempiony boldy....

25.05.2026 15:19
2.8k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......