Xiaomi Leica kamerasy bolan iň arzan smartfonyny tanyşdyrdy

  • 25.03.2024 12:44
  • 5.3k+

Täze Qualcomm prosessory, goşa selfi kamerasy we esasy Leica kamerasy bolan Xiaomi Civi 4 Pro smartfony hödürlendi.

Xiaomi Civi 4 Pro egri gyralary, 1.5K durulygy (2750x1236 piksel) we 120 Gs täzeleniş tizligi bolan 6,55 dýuým AMOLED displeý bilen enjamlaşdyrylandyr. Mundan başga-da, iň ýokary ýagtylygyň 3000 nit-e ýetýändigi, Corning Gorilla Glass Victus 2 taplanan aýnanyň, şeýle hem Dolby Vision we HDR10+ goldawynyň bardygy aýdylýar.
Täze önümiň frontal kamerasy 4K-da wideo ýazgyny goldaýan 32 megapiksel durulykda iki sensor bilen hödürlenýär. 50 megapiksellik esasy kamera, flagman Xiaomi 14-däki ýaly, Leica Summilux obýektiwine eýedir. Şeýle hem smartfonda 2 esse optiki ýakynlaşdyrma we 12 megapiksel ultra giň burçly modully 50 megapikselli teleobýektiw bar.
Civi 4 Pro-nyň öndürijiligine Adreno 750 wideo tizlendirijisi bolan täze 4nm Snapdragon 8s Gen 3 çipi jogap berýär. Ulanyjylara 12 ýa-da 16 GB operatiw ýatly we 256 ýa-da 512 GB goşmaça ýatly nusgalar elýeterli bolar.
4700 mA/sagat sygymly akkumulýator 67W çalt zarýad bermegi goldaýar. Beýleki aýratynlyklara Wi-Fi 6, Bluetooth 5.4 we aragatnaşyksyz tölegler üçin NFC girýär.
Xiaomi Civi 4 Pro Hytaýda 3 müň ýuan (takmynan 420 dollar) bahadan satuwa çykarylar.


22.02.2026 01:33
3.8k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.4k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.2k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...