OnePlus Snapdragon 7+ Gen 3 çipi bolan Ace 3V smartfonyny hödürledi

  • 25.03.2024 12:41
  • 3.6k+

OnePlus täze Qualcomm prosessory we halka şekilli çyra bilen enjamlaşdyrylan orta arzanlykdaky Ace 3V smartfonyny hödürledi.

Täze önüm 2772x1240 piksel durulygy we 120 Gs täzeleniş tizligi bolan 6,74 dýuým OLED displeýi bilen üpjün edildi. Esasy kamera 50 megapiksel durulykdaky Sony IMX882 sensory bilen görkezilýär we 8 megapiksel ultra giň burçly modul bilen üsti ýetirilýär, datçikleriň aşagynda halka şekilli çyra ýerleşýär. Selfi üçin öň tarapynda 16 MP kamera bar.
OnePlus Ace 3V-iň öndürijiligine ýokary tizlikli LPDDR5X operatiw ýat we UFS 4.0 ammary bilen doldurylan Qualcomm-yň täze Snapdragon 7+ Gen 3 çipi jogap berýär, bu bolsa täze önümi köp bäsdeşlerinden tapawutlandyrýar.
5500 mA/sagat sygymly akkumulýator 100 W çenli çalt zarýad bermegi goldaýar. Beýleki aýratynlyklar IP65 standartyna laýyklykda çyglylykdan we tozandan goragy, stereo dinamikleri, Bluetooth 5.4, NFC we infragyzyl porty öz içine alýar. Smartfon Android 17-ä çenli kepillendirilen täzelenme bilen Android 14-de işleýär.
OnePlus Ace 3V Hytaýda 12/256 GB wersiýasy üçin 2 müň ýuan (takmynan 280 dollar) bahadan satylýar.

düýn 22:32
1.3k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

düýn 22:30
1.4k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......

düýn 22:13
1.9k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

düýn 22:11
831

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......