«Türkmenpoçta» kompaniýasynyň täze merkezi edara binasy gurlar

  • 24.03.2024 06:40
  • 11k+

«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň täze merkezi edara binasynyň gurluşygynyň taslamasy taýýarlanylýar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew 23-nji martda Hökümet mejlisinde hasabat berdi.

Taslama laýyklykda, bäş gatdan ybarat bolan täze desgada iş, tehniki we serwer otaglary, ýörite enjamlary, müşderiler bilen işlemek üçin operatorlaryň iş otaglaryny we uly zaly, mejlisler zalyny ýerleşdirmek, olary döwrebap enjamlar bilen üpjün etmek, häzirki zaman aragatnaşyk ulgamyny gurnamak, işgärler üçin ähli amatly şertleri döretmek göz öňünde tutulýar. 2,24 gektar meýdançadaky desganyň çäginde tehniki we kömekçi binalary, sport meýdançasyny, rezerwuary, tehniki desgalary hem-de awtoduralgalary ýerleşdirmek meýilleşdirilýär.
Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi poçta hyzmatlaryna sanly ulgamlary we öňdebaryjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga mümkinçilik berer.
Serdar Berdimuhamedow «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň merkezi edara binasynyň gurulmagynyň pudakda netijeli we ýokary hilli hyzmatlary has-da döwrebap ýola goýmaga mümkinçilik berjekdigini belläp, Agentligiň direktoryna bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.


düýn 16:07
2.1k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.6k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....