Margo Robbi The Sims oýnunyň ekranlaşdyrylyşyna prodýuserlik eder

  • 23.03.2024 16:42
  • 6.7k+

“Barbi” filmindäki keşbi bilen tanalýan Margo Robbi meşhur The Sims oýnunyň ekranlaşdyrylyşyna prodýuserlik eder diýip, The Hollywood Reporter habar berýär.

Filme Disney+ üçin “Loki” serialyny düşüren Keýt Herron režissýorlyk eder. Ssenariniň üstünde “Doktor Kim” serialynyň epizodlarynyň birini döreden Brioni Redman işlär.
Sýužetiň jikme-jiklikleri we filmiň çykjak senesi entek aýan edilmedi.
Electronic Arts-yň The Sims-i - bu durmuş simulýatory, onda oýunçylar gahryman-simleri dolandyrýar, olaryň zerurlyklary hakda alada edýär, jaýlary gurýar we arzuwlaryny hasyl edýär.
The Sims oýnunyň birinji bölümi 2000-nji ýylda çykdy we şondan bäri dünýäde millionlarça janköýer gazandy.
Munuň The Sims filmini surata düşürmekde ilkinji synanyşyk däldigini bellemelidiris. 2007-nji ýylda Fox studiýasy oýun esasynda filmiň düşüriljekdigini  yglan edipdi, ýöne soň taslama ýapyldy.


şu gün 07:46
185

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

düýn 12:24
1k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

düýn 08:41
1.3k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....

07.06.2026 11:02
10k+

UFC-niň öňki çempiony Aleks Pereýra öz güýjüni aktýor hökmünde synap gördi

Iki agram derejesinde UFC-niň öňki çempiony Aleks Pereýra ilkinji gezek doly metražly çeper filmde peýda bolar....