BMG-niň 193 ýurdy emeli aňy kadalaşdyrmak üçin biragyzdan ses berdi

  • 22.03.2024 23:53
  • 4k+

BMG-niň Baş Assambleýasy (BA) 21-nji martda emeli aň (AI) pudagyny kadalaşdyrmaklyga we onuň howpsuzlygyny üpjün etmeklige gönükdirilen Rezolýusiýany biragyzdan kabul etdi diýip, TASS habar berýär.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary tarapyndan hödürlenen we guramanyň 193 agza-ýurtlary tarapyndan goldanýan bu resminama emeli aňy jogapkärli ösdürmek we ulanmak üçin esas goýmagy maksat edinýär.
Rezolýusiýa emeli aňy ösdürmekde we ulanmakda, esassyzlygy we hukuk kemsidilmelerini  aradan aýyrmak bilen, kuwwatlylygy ýokarlandyrmagyň we jogapkärçilikli çemeleşmäniň möhümdigini nygtaýar.
Resminamanyň 13 punktynda emeli aň pudagynda ýurtlaryň arasyndaky “üzňeligi aradan aýyrmaga” çagyryş ýaňlanýar. Şeýle hem, BMG-niň BA-sy emeli aňyň artykmaçlyklaryna hemme üçin deň we adalatly elýeterliligi üpjün etmekde döwletleri we beýleki gyzyklanýan taraplary özara hyzmatdaşlyga çagyrýar.
ABŞ-nyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik ilçisi Linda Tomas-Grinfild: "Innowasiýa we düzgünleşdiriş özara gapma-garşy bolman, eýsem, biri-biriniň üstüni ýetirýändir" –diýip belledi.


19.06.2026 19:47
1.2k+

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

05.06.2026 18:04
5.7k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

30.05.2026 13:39
1.6k+

OpenAI emeli aňyň ykdysadyýete täsirini öwrenmek üçin 250 million dollar maýa goýar

OpenAI Foundation täjirçilik däl guramasy emeli aňyň ykdysadyýete täsirini öwrenmek üçin 250 million dollar maýa goýýandygyny yglan etdi....

22.05.2026 14:19
2.1k+

BMG dünýä ykdysadyýetiniň haýallap, inflýasiýanyň ýokarlanjakdygyny çaklaýar

Birleşen Milletler Guramasy geosyýasy gapma-garşylyklar, inflýasiýanyň artmagy we global näbellilikler sebäpli, 2026-njy ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň haýallajakdygyny çaklady....