Xiaomi smartfonlarynyň bahasyny galdyrýar: flagmanlar iPhone bilen deň bolar

  • 22.03.2024 23:26
  • 4.5k+

Xiaomi öz smartfonlarynyň bahalaryny galdyrmakçy bolýar. Kompaniýanyň 2023-nji ýyldaky maliýe hasabatyna görä, Hytaý yklymynyň çäginde tehnologiýa ägirdiniň smartfonlarynyň ortaça bahasy 19% ýokarlandy we kompaniýanyň taryhynda iň ýokary baha ýetdi diýip, Gadget Tendency portaly ýazýar.

Ähli üpjünçiligiň 20%-ni emele getirýän Xiaomi-iň flagman enjamlary premium smartfon bazarynda iň üstünlikli boldy. Kompaniýa 555 dollardan 835 dollar aralygyndaky segmentde bazaryň 17% -ni eýeleýär.
Geçen ýyl Xiaomi-niň girdejisi 126,3 göterim artdy we bu görkeziji kompaniýanyň taryhynda ululygy boýunça ikinji orunda durýar.
Xiaomi-niň baş direktory Lýu Weýbin kompaniýanyň flagman smartfonlaryny mahabatlandyrmagy dowam etdirjekdigini aýtdy. Analitikler 2024-nji ýylda Xiaomi-niň enjamlarynyň bahalarynyň hasam ýokarlanjakdygyny çaklaýarlar. Şeýlelikde, täze flagman Xiaomi 14 Ultra-nyň bahasy eýýäm iPhone 15 Pro Max-yň bahasy bilen deňleşýär.


09.05.2026 16:36
3.5k+

Samsung Hytaýda hojalyk tehnikalarynyň satuwyny doly bes edýär

Samsung kompaniýasy Hytaýyň materik böleginde ähli hojalyk tehnikalarynyň, şol sanda telewizorlaryň we monitorlaryň satuwyny bes edýändigini resmi taýdan yglan etdi....

25.04.2026 20:11
2.6k+

Redmi K Pad 2 planşeti 3K ekrany, güýçli sowadyjy ulgamyny we 9100 mAh batareýany aldy we 500 dollara satylýar

Xiaomi kompaniýasy resmi taýdan täze ykjam flagman planşetini bolan Redmi K Pad 2-ni Redmi K90 Max smartfony bilen bilelikde tanyşdyrdy. Bahasy 500 dollardan başlaýan täze enjam öndürijilikli apparat......

07.03.2026 18:05
3.3k+

Xiaomi smartfonlaryň bahasynyň gymmatlap biljekdigini duýdurdy

Smartfony düzýän bölekleriň bahasynyň ýokarlanmagy we ýat mikroshemalarynyň ýetmezçiligi smartfonlaryň gymmatlamagyna sebäp bolup biler, emma Xiaomi kompaniýasy bu ýagdaýyň alyjylara ýetirjek täsirini mümkin boldugyndan ýumşatmaga çalyşýar...

23.01.2026 15:56
3.8k+

Samsung Hindistanyň smartfon bazarynda liderligini ýitirdi: Vivo öňde

Samsung 2025-nji ýylyň jemi boýunça Hindistanda iň uly smartfon üpjün edijisi hökmünde ornuny ýitirdi. Ol öňdebaryjylygy Vivo kompaniýasyna berdi diýip, Omdia agentligi habar berýär. Günorta koreý öndürijisiniň paýy 25,7 mln smartfondan 23 mln smartfona çenli azaldy, üpjünçilik 11% pese gaçdy...