Ikinji jahan urşunyň weterany 99 ýaşynda orta bilim hakynda şahadatnama aldy

  • 21.03.2024 21:55
  • 17k+

ABŞ-da Ikinji jahan urşunyň weterany 99 ýaşynda orta bilim hakynda şahadatnamasyny aldy diýip, Inside Edition neşiri ýazýar. Pensioner üçin 100-den gowrak adamyň gatnaşmagynda ýörite dabara geçirildi.

Çarlz Berd 1943-nji ýylda Ikinji jahan urşy döwründe ABŞ-nyň goşunyna çagyrylanda 18 ýaşyndady. Şonda ol orta mekdebi tamamlamaga ýetişmedi we fronta gitdi. Diňe 2024-nji ýylda weteranlara orta bilim hakynda şahadatnamalaryny almaga kömek edýän ýörite maksatnamanyň esasynda şahadatnamasyny alyp bildi.
Mekdepde geçirilen ýörite dabara ýüzlerçe adam gatnaşdy. Çarlz ýygnananlaryň güýçli el çarpyşmalary astynda şahadatnamasyny aldy we çäräni gurnan adamlara minnetdarlyk bildirdi.

«2024-nji ýylda iň garry uçurym bolmak aýratyn bir zat. Indi men orta mekdebi çowlugym bilen bilelikde tamamladym» diýip, ol belledi.


düýn 19:53
1.7k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......

10.06.2026 16:26
6.1k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......