Konor Makgregor duşuşmak isleýän üç söweşijisini aýtdy

  • 21.03.2024 05:53
  • 34k+

Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň irlandiýaly söweşijisi we ýarym ýeňil hem ýeňil diwizionlarda UFC-niň öňki çempiony Konor Makgregor söweşmek isleýän üç garşydaşynyň adyny aýtdy. Bu barada championat.com belleýär.

“Bu, elbetde, Maýkl Çendler. Ol birinji bolup biler. Maýkldan başga-da, Dastiniň ýeňendigini görmek gowy boldy. Dogrymy aýtsam, men onuň Benuany nokauta gidirmegine garaşypdym we muny görendigime begendim. Gürrüňsiz, bu örän gowy boldy. Bu ýeňişden soň biziň nobatdaky söweşimiz hakykata has ýakynlaşdy. Ýene bir söweş biziň gapma-garşylygymyzda nokat goýar” diýip, Give me Sport portaly Makgregoryň sözlerini getirýär.

Şeýle-de, Konor Makgregor Neýt Dias bilen söweşmegi göz öňünde tutýar we onuň “Sferada” (Las-Wegasdaky sport-dynç alyş meýdançasy) geçirilmegini isleýär.
Makgregor Porýe garşy soňky söweşini 2021-nji ýylyň tomsunda geçirdi. Ol tehniki nokaut bilen ýeňildi, söweşiň netijesinde onuň aýagy döwüldi.


26.06.2026 23:43
8.4k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

24.06.2026 18:18
5.1k+

UFC Drikus dýu Plessi bilen Kamaru Usmanyň duşuşygyny yglan etdi

UFC-niň orta agram derejesindäki öňki çempiony Drikus dýu Plessi guramanyň ýarym orta agram derejesindäki öňki çempiony Kamaru Usman bilen urşar. Promouşeniň habar bermegine görä, bu tutluşyk 19-njy iýulda......

22.06.2026 14:40
4.6k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

18.06.2026 22:41
9.3k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......