Alymlar halaýan filmlerine görä adamyň häsiýetini kesgitlemegi öwrendiler

  • 20.03.2024 13:52
  • 8k+

Gorkuly we uruşly filmleriň muşdaklary açyk we köpçülik bilen gatnaşygy halaýan adamlar bolýarlar, ylmy-fantastik filmleri halaýan adamlar bolsa men-menlik häsiýetlerini görkezýärler. Bu barada Daily Mail Ispaniýanyň Lerida uniwersitetiniň we ABŞ-nyň Jorjiýa uniwersitetiniň alymlarynyň gözleglerine salgylanyp habar berýär.

Jorjiýa uniwersitetiniň alymlarynyň geçiren gözlegine görä, özüni görkezmek we tanatmak zerurlygy bolan döredijilik adamlary köplenç ylmy-fantastiki filmleri saýlaýarlar. Mundan başga-da, bu žanryň muşdaklary men-menlik häsiýetlerini görkezip bilýärler.
Jorjiýa uniwersitetiniň alymlarynyň pikiriçe, adamyň uruşly we gorky filmlerini halaýandygy onuň özüniň hem zalymdygyny aňlatmaýar. Olaryň gözlegleri, tersine, bu žanrlara bolan islegiň köplenç ekstrawersiýa (daşarky dünýä bilen gyzyklanmak), açyklyk we hoşniýetlilik bilen baglanyşyklydygyny görkezdi. Ispaniýaly alymlar gorky filmleriniň muşdaklarynyň habarlar gepleşiklerine känbir tomaşa etmeýändiklerini we ony «içgysgynç» hasaplaýandyklaryny kesgitlediler.


düýn 10:53
1.8k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.6k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.5k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....