Hytaýda pilotsyz DJI Express ýük drony konsepti hödürlendi

  • 19.03.2024 15:43
  • 5.9k+

Hytaýyň Qingsheng Meng senagat kompaniýasy uçar görnüşli pilotsyz ýük uçuş apparatyny (PUA) bolan DJI Express konseptini hödürledi.

Bu 2500 kilometre çenli aralyga 1,5 tonna çenli ýüki daşamaga ukyply doly  elektrikleşdirilen pilotsyz uçardyr. Täze PUA-nyň uçuş uzaklygy adaty howa gämisiniň uçuş uzaklygy bilen deňdir.
DJI Express-iň esasy täzeliklerinden biri hem gibrid ganat dizaýnydyr. Modeliň ganaty uçuş we gonuş wagtynda açylýar we multirotor dron ýaly, dik uçuşy we gonuşy üpjün edýär. Uçuş wagtynda ganatlary ýygnalýar we uçuşyň netijeliligini hem-de uzaklygyny ýokarlandyryp, süýnmek uçar gurluşyny emele getirýär.
DJI Express uzak aralykdan dolandyrylyp bilner. Şeýle hem, PUA kesgitlenen ugur boýunça doly özbaşdak uçup biler. Şol bir wagtyň özünde, gözegçiligi islendik wagt adam-operatora geçirip bolýar.
Qingsheng Meng 2024-nji ýylyň ahyryna çenli DJI Express-i hakyky şertlerde synag edip başlar. Ähli işler meýilleşdirilişi ýaly gitse, täjirçilik amallaryna 2026-njy ýylda başlanar. Bu model dünýäniň logistika pudagyny we üpjünçilik zynjyryny düýpli özgerdip biler.


11.06.2026 23:52
8.7k+

Hytaýda dünýäniň iň beýik minara krany guruldy

Hytaýyň Zoomlion kompaniýasy dünýäde iň beýik minara kran bolan LW3600-240NB-i döretdi. Bu tehnika örän beýik we agyr ýel generatorlaryny gurnamak üçin niýetlenilip, agramy 240 tonna çenli bolan ýükleri 241......

07.06.2026 20:08
5k+

Hytaý her bir adampisint roboty hasaba goýýar

Hytaýyň häkimiýetleri ähli adampisint robotlary hökmany suratda hasaba almagy we olaryň hersine üýtgeşik şahsy hasap belgisini bermegi göz öňünde tutýar....

28.05.2026 17:08
6.1k+

Hytaýda hasyl ýygymy ynanylan robot işini 90% netije bilen ýerine ýetirdi

Hytaýyň Szýansu şäheriniň Nantun welaýatynda täze nohut hasylyny ýygnamaga niýetlenilen robotyň şowly meýdan synaglary geçirildi....

28.05.2026 12:29
2.1k+

Hytaýda bir wagtyň özünde galyndylardan wodorod almagyň we CO2-ni siňdirmegiň usuly oýlanyp tapyldy

Hytaýly alymlar fermentasiýa arkaly biowodorod öndürmegiň geljegi uly tehnologiýasyny hödürlediler, bu bolsa bir wagtyň özünde iki möhüm meseläni çözýär: arassa ýangyç öndürmek we uglerod dioksidini gaýtadan......