Merýem Agajanowa we Allaýar Şirliýew küşt boýunça Türkmenistanyň çempiony boldular

  • 19.03.2024 13:29
  • 18k+

Aşgabatda 2024-nji ýylyň Türkmenistanyň küşt çempionaty ýaryşy tamamlandy. Harby gullukdaky 21 ýaşly esger Allaýar Şirliýew we Aşgabatdan 17 ýaşly mekdep okuwçysy Merýem Agajanowa karýerasynda ilkinji gezek ýurduň çempionlary boldular.

4-nji martdan 17-nji mart aralygynda geçen çempionatyň Ýokary ligasyna Türkmenistandan iň güýçli 8 küştçi we zenan küştçi gatnaşdy.

Şirliýew mümkin bolan 14 utukdan 11,5 utuk gazanyp, ýakyn bäsdeşinden bir utuk öňe geçdi.

Zenanlaryň ýaryşynda Agajanowa 12 utuk gazanyp, Läle Şöhradowadan bir utuk öňe geçdi.

Ýaryşyň jemi boýunça Wengriýanyň paýtagty Budapeştde geçiriljek Bütindünýä küşt olimpiadasyna gatnaşmak üçin Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzümi emele getirildi.

Erkekler ýygyndysyna Allaýar Şirliýew, Amanmuhammet Hommadow, Wepaly Halynyýazow, Saparmyrat Atabaýew we Meýlis Annaberdiýew girdi. 4-nji orny eýelän 16 ýaşly Azym Saryýew ýurduň ulular ýygyndysynyň ätiýaçdaky düzümine goşuldy. Garaşylmadyk ýagdaýda 2023-nji ýylyň çempiony Maksat Atabaýew ýaryşdan çekildi – ilkinji iki tapgyrda ýeňlenden soň, halkara grossmeýster ýaryşa gatnaşmagyny bes etdi.

Ýurduň zenanlar ýygyndysyna Merýem Agajanowa, doganlar Läle we Leýla Şöhradowalar, Jahan Rejepowa we Eneş Arazmedowa girdi.

Ýaryşyň netijeleri we geçirilen oýunlaryň wideo-seljermeleri bilen Chess.Results.com saýtynda tanşyp bilersiňiz. 


18.03.2026 11:25
1.9k+

Türkmenistanyň küştçi gyzlary Buharadaky halkara ýaryşynda uly ýeňiş gazandy

2026-njy ýylyň 9 — 15-nji marty aralygynda Özbegistanyň Buhara şäherinde zenanlaryň arasynda IV halkara küşt ýaryşy geçirildi. Hindistandan, Russiýadan, Gazagystandan, Mongoliýadan, Awstriýadan, Belarusdan, Gyrgyzystandan we Özbegistandan gelen güýçli küştçüleriň gatnaşan bu bäsleşiginde Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary ýokary netijeleri görkezdi...

17.03.2026 20:20
7.6k+

Elman Tagaýew «Nebitçä» geçdi: Türkmenistanyň çempionatynyň esasy transferleri

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasynyň (TFF) habar bermegine görä, futbol boýunça 2026-njy ýylyň futbol boýunça Türkmenistanyň çempionaty ýaryşy dört aýlawda geçiriler. Ýaryşyň ilkinji iki aýlawy 4-nji aprel — 20-nji iýun aralygynda dowam eder, galan oýunlar bolsa möwsümiň ikinji ýarymynda geçiriler...

16.03.2026 17:11
5.9k+

Türkmen boksçylary Bangkokdaky World Boxing Futures Cup 2026 ýaryşynda iki bürünç medal gazandy

Tailandyň paýtagty Bangkok şäherinde 8 — 15-nji mart aralygynda geçirilen World Boxing Futures Cup 2026 halkara ýaryşynda türkmen boksçylary iki sany bürünç medal gazandy. Bu barada THP habar berýär. 75 kg çenli agram derejesinde Ysmaýyl Orazmyradow bürünç medalyň eýesi boldy...

16.03.2026 16:56
5.1k+

Karate boýunça türkmen türgenleri Krakow kubogynda baýrakly orunlary eýeledi

2026-njy ýylyň 10-17-nji marty aralygynda Polşanyň Krakow şäherinde adaty karate boýunça halkara ýaryş — Krakow kubogy geçirildi. Ýaryşa 14 ýurtdan 870-den gowrak türgen gatnaşdy diýip, THP habar berýär. Türkmenistanyň ýygyndy topary bu ýaryşda iki sany bürünç medal gazanmagy başardy...