Formula-1 ýaryş awtoulaglarynyň tekerleriniň göwrümini kiçeltmekden ýüz öwürdi

  • 18.03.2024 06:04
  • 8.4k+

Formula-1 dünýä çempionatyny guraýjylar 2026-njy möwsümde 16 dýuýmlyk tekerlere geçmek pikirinden ýüz öwürdiler. 2022-nji ýylda bu ýaryşlardaky awtoulaglaryň tekerleriniň diametrini ulaldypdylar.

Ozal habar berlişi ýaly, Formula-1 2022-nji ýylda 13 dýuýmdan 18 dýuýmlyk tekerlere geçdi. Şol döwürde seriýanyň eýeleri we Halkara awtosport federasiýasy (FIA) awtoulaglary has giňeltmek ýörelgesine eýerdiler.
Häzir bolsa tekerleriň biraz kiçeldilmegini sportuň abraýyna we tehnologiki ösüşe zyýan ýetirer diýip hasaplaýarlar. 16 dýuýmlyk tekerlere geçmek meýilnamalary FIA maksatnamasynyň çäginde işlenip düzülen hem bolsa, esasy maksady formula awtoulaglarynyň agramyny azaltmakdy.
F-1 ýaryşyny tekerler bilen üpjün edýän “Pirelli kompaniýasynyň wekilleri hem 18 dýuýmlyk tekerde galmagyň peýdasyna ses berdiler. Täze ululyk teker öndürýän kompaniýadan önümçilik işine ep-esli üýtgeşmeler girizmegini talap ederdi, bu bolsa Pirelli-den eýýäm 2025-nji ýyldan başlap täze daşlykly tekerleriň synag meýilnamasyny taýýarlamak üçin tehnologiýasyny gyssagly we düýpli abatlamagy talap edýär.
Şeýlelik bilen, 2026-njy ýyl üçin Formula-1-iň tehniki düzgünleriniň soňky nusgasynda 18 dýuýmlyk tekerleri ulanmagy dowam etdirmek karary bar, ýöne olaryň daşlygynyň ululygyna we görnüşine biraz üýtgeşmeler girizildi.


05.05.2026 15:03
4.3k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....

04.05.2026 14:40
1.9k+

Antonelli yzygider üçünji gezek «Formula-1-iň» Gran-pri tapgyrynda ýeňiş gazandy

«Mercedes» toparynyň sürüjisi Andrea Kimi Antonelli Maýaminiň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy — bu onuň «Formula-1-iň» häzirki möwsüminde yzygider üçünji ýeňşidir....

25.04.2026 15:19
1.4k+

Formula-1 toparlarynyň gymmatlyk reýtingi çap edildi: Ferrari 7 milliard dollar bilen öňde barýar

Soňky birnäçe ýylyň dowamynda Formula-1 toparlarynyň gymmaty birden ýokarlanmagyny dowam etdirýär we indi her bir toparyň bahasy azyndan 1 milliard dollara ýetdi. Bu baradaky maglumatlar «PlanetF1» neşiri......

24.04.2026 21:44
3.8k+

Türkiýäniň Gran-prisi 2027-nji ýyldan başlap «Formula-1-iň» senenamasyna dolanar

Türkiýäniň Gran-prisi 2027-nji ýyldan başlap, azyndan bäş ýyl möhlet bilen ýene-de «Formula-1» çempionatynyň senenamasyna girer. Bu barada ýurduň Prezidentiniň administrasiýasy habar berdi....