Google Android 15-iň tanyşdyryljak senesini yglan etdi

  • 18.03.2024 06:01
  • 3.4k+

Google kompaniýasy işläp düzüjiler üçin her ýylda geçirilýän Google I/O maslahatynyň senesini yglan etdi. Adatça täzelenmeleri, täze tehnologiýalary we enjamlary yglan etmek üçin platforma bolup hyzmat edýän bu çäre şu ýylyň 14-nji maýynda geçiriler.

The Verge neşiri emeli aň tehnologiýasynyň we Google-yň emeli aň modeli bolan Gemini-niň Google I/O 2024-iň üns merkezinde boljakdygyny habar berdi. Kompaniýanyň Android 15 operasion ulgamynyň täze aýratynlyklary bilen tanyşdyrmagyna we Pixel 8A smartfonyny hödürlemegine garaşylýar, sebäbi Pixel 7A bir ýyl mundan ozal şol maslahatda yglan edilipdi.
Google I/O 2024 Kaliforniýa ştatynyň Mauntin-Wýu şäherinde ýerleşýän Google-yň ştab-kwartirasynda geçiriler. Bu çäre kompaniýanyň resmi YouTube kanalynda onlaýn ýaýlyma berler.
Android 15-iň durnukly nusgasynyň doly tanyşdyrylyşynyň 2024-nji ýylyň güýzünden ir bolmajakdygy bellenilýär.


düýn 19:53
1.7k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

11.06.2026 14:00
2.9k+

Google ulanyjylary Chrome-y gyssagly täzelemäge çagyrýar

Google kompaniýasy Chrome brauzerinde howply gowşaklygy tapdy we ulanyjylara iň soňky howpsuzlyk täzelenmesini mümkin boldugyça gyssagly gurnamagy maslahat berýär. Bu 2026-njy ýylyň başyndan bäri ýüze......

04.06.2026 11:54
2k+

Duolingo ulanyjylara iň uzak okuw seriýasyny yzyna gaýtarmaga rugsat berdi

Daşary ýurt dillerini öwrenmek üçin niýetlenen "Duolingo" hyzmaty ulanyjylara ýitiren iň uzyn gündelik okuw seriýasyny dikeltmäge mümkinçilik berýän ýörite aksiýany ýola goýdy. Bu başlangyç köp günlük okuw......

03.06.2026 18:12
6.8k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......