Jastin Timberleýk alty ýyldan soň ilkinji albomyny çykardy

  • 17.03.2024 10:57
  • 7.2k+

Jastin Timberleýk “Everything I Thought It Was” ady bilen özüniň altynjy studiýa albomyny çykardy. Albom 18 aýdymy öz içine aldy, olaryň arasynda “Selfish” singli, “Memphis”, “No angels”, “Play”, “Drown”, “Love & War” ýaly aýdymlar bar. Ýygyndyda amerikaly repçi Tobe Nwigwe, nigeriýaly aýdymçy Fireboy DML hem NSYNC topary bilen bilelikde ýerine ýetirilen kompozisiýalar hem bar diýip, RBK ýazýar.

“Bu albom meniň geçen we häzir barýan ýolumyň çür depesi boldy. Men size örän minnetdar, men öz işimi tutuş dünýä görkezýändigim üçin tolgunýaryn. Söýgiňize sagboluň, ol meniň üçin örän köp zady aňladýar” – diýip, aýdymçy öz Instagram sahypasynda ýazdy.

Timberleýkiň soňky studiýa albomy alty ýyl mundan ozal çykypdy. “Man of the Woods” albomy 2018-nji ýylyň fewral aýynda çykyp, dürli seslenmeleri aldy. Albom Billboard 200 sanawynyň birinji ornuny eýeledi, onuň içine goşulan “Filthy” we “Say Something” aýdymlary bolsa Billboard Hot 100-üň ilkinji onlugyna girdi.

 

şu gün 14:47
1.2k+

Türkmenistanyň müftüsi wezipesine Rahman Gurbanmyradow bellenildi

Gypjakdaky Türkmenbaşynyň ruhy metjidinde din işgärleriniň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat......

düýn 20:14
3.2k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
1.2k+

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
5.3k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....