FIFA 2026-njy ýyla çenli futbol ösüşine rekord derejede maýa goýar

  • 16.03.2024 22:43
  • 5.5k+

Halkara Futbol Federasiýasynyň (FIFA) Geňeşi 2023-2026-njy ýyllar üçin futbol ösüşine rekord möçberde 2,25 mlrd dollar maýa goýmagy meýilleşdirýär. Bu barada guramanyň resmi saýtynda habar berilýär.

Bu 2016-njy ýyla çenli hereket eden ösüş maksatnamalary bilen deňeşdirilende futbol ösüşine maýa goýumlaryň tas ýedi esse ýokarlandyrylmagydyr. FIFA-nyň 2023-2026-njy ýyllar üçin maliýeleşdirme maksatnamasy “FIFA Forward 3.0” adyny aldy. Onuň durmuşa geçirilmegi netijesinde, FIFA bu döwür üçin 11 mlrd dollar umumy býujet maksadyndan geçip biler.

“Bu biziň 211 agza assosiasiýalarymyza ösüş we bilim taslamalaryny durmuşa geçirmäge, şeýle-de futboly täze derejä çykarmaga kömek etmek üçin has indiwidual hyzmatlary hödürläp biljekdigimizi aňladýar” – diýip, FIFA-nyň prezidenti Janni Infantinonyň sözleri getirilýär.


şu gün 13:40
5.1k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

düýn 22:49
6.8k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

düýn 13:39
10k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......

23.06.2026 14:15
13k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......