P.T.Andersonyň baş keşpde Di Kaprio bilen täze filminiň çykjak senesi belli boldy

  • 16.03.2024 22:50
  • 8.1k+

Pol Tomas Andersonyň heniz ady bolmadyk indiki filmi 2025-nji ýylyň 8-nji awgustynda amerikan prokatyna çykar. Baş keşbi Leonardo Di Kaprionyň ýerine ýetirmegindäki film režissýoryň karýerasynda IMAX formatynda görkeziljek ilkinji film bolar. Bu barada Warner Bros.-a salgylanyp, IndieWire habar berýär.

Filme Di Kapriodan başga-da, Şon Penn, Rejina Holl, Alana Haim we Teýýana Teýlor gatnaşdy.
Häzirki wagtda Kaliforniýada surata düşüriş işleri dowam edýär. Filmiň sýužeti barada maglumatlar gizlin saklanýar. Gürrüňlere görä, film Tomas Pinçonyň “Waýnlend” romanynyň ekranlaşdyrylmasy bolup biler. Kartinanyň býujeti 115 mln dollara barabar.
Bu Di Kaprionyň häzirkizaman kinosynda esasy nusgawy režissýorlaryň biri bolan Anderson bilen ilkinji hyzmatdaşlygydyr. Anderson Wenesiýa kinofestiwalynyň Kümüş ýolbarsynyň, Kann kinofestiwalynyň režissýorlyk baýragynyň hem-de Berlinalede Altyn we Kümüş aýylaryň eýesidir. Onuň üç filmi – “There Will Be Blood” (2007), “The Master” (2012) we “Inherent Vice” (2014) BBC-niň wersiýasyna görä XXI asyryň iň beýik 100 filminiň sanawyna girýär.


düýn 20:14
3.2k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.4k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.4k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......