ÝUNESKO Berliniň tehnosyny medeni mirasyň sanawyna goşdy

  • 16.03.2024 14:00
  • 3.2k+

Berliniň tehnosy ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşuldy. Bu barada ÝUNESKO-nyň komissiýasy habar berdi.

Berliniň tehno-sahnasyny ÝUNESKO-nyň sanawyna goşmak haýyşy bilen 2022-nji we 2023-nji ýyllarda Rave the Planet täjirçilik däl guramasy çykyş etdi – bu pikiri goldamak üçin bolsa ýörite şüweleňler geçirildi.
Berlin tehnosy elektron sazyna degişli bolup, žanr hökmünde 1980-nji ýyllaryň ahyrynda Berlin diwary ýykylandan soň döredi. Ol tanslylygy, çalt depgini, industrial ses semplleriniň ulanylmagy bilen tapawutlanýar. Şeýle-de, onda wokal ýok diýen ýaly.
Maddy däl medeni miras obýektleriniň sanawyna Germaniýanyň başga-da birnäçe däp-dessurlary girizildi. Olaryň arasynda Saksoniýadaky alpinizm, Finsterwalde şäherindäki “Biz Finsterwalde aýdymçylary” aýdymynyň ýerine ýetirilişi we beýlekiler bar.
ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawy 2003-nji ýyldan bäri hereket edýär.


08.06.2026 08:03
5.3k+

Nemes türgeni 367 günde 367 marafon geçdi: zenan bir ýyldan gowrak wagt bäri ylgap ýör

Nemes türgeni Joýs Hýubner yzly-yzyna 367 günüň dowamynda 367 marafon geçip, bu ugurda dünýäde şeýle netije görkezen ilkinji zenan boldy. Bu täsin üstünlik barada Germaniýanyň Spiegel neşiri habar berýär....

25.05.2026 21:06
8k+

Nemes inženerleri betonyň ýerine plastik we toprak ulanyp, köpri gurýarlar

Germaniyada awtomobil köprülerini gurmagyň täze usuly ulanylyp başlandy, onda adaty demir-beton gurnamalaryň ýerine dykyzlandyrylan toprak we plastik torlar ulanylýar....

16.05.2026 09:28
5.5k+

Germaniýadaky taşlanan metallurgiýa zawody sungat meýdançasyna öwrüldi

ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girýän Germaniýanyň «Fölklinger Hýutte» senagat toplumynda «Urban Art Biennale 2026» atly köçe sungatynyň sergisi açylýar. Bu gyzykly çäre dünýäniň 17 ýurdundan gelen......

14.05.2026 00:03
7.8k+

ÝUNESKO-nyň mirasynyň 80%-i howp astynda, hatda Beýik Hytaý diwary-da...

ÝUNESKO-nyň 2025-nji ýyldaky barlagyna görä, Bütindünýä mirasynyň sanawyndaky ýadygärlikleriň 80%-i howa şertleriniň üýtgemegi sebäpli weýran bolmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýar....