Adidas 32 ýylda ilkinji gezek ýyly sap ýitgi bilen ýapdy

  • 16.03.2024 11:20
  • 10k+

Sport harytlaryny öndüriji Adidas 2023-nji ýylyň jemleri boýunça arassa ýitgi çekdi, şeýle ýagdaý 1992-nji ýyldan bäri ilkinji gezek bolup geçdi. Bu barada kompaniýanyň 2023-nji ýyldaky maliýe hasabatynda beýan edilýär.

2023-nji ýylyň jemleri boýunça onuň arassa ýitgisi 14 million ýewro, dowam edýän amallardan maliýe ýitgileri 58 million ýewro ýetdi. Geçen ýyl Adidas 638 million ýewro arassa girdeji gazanandygyny yglan edipdi.
Görkezijileriň peselmeginiň esasy sebäbi 2022-nji ýylda Adidas bilen amerikaly hip-hop aýdymçysy Kanýe Westiň Yeezy brendiniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýatyrylmagy boldy. Bu karar aýdymçynyň tarapyndan gödek hereketlerden soň kabul edildi. Kompaniýanyň hasaplamalaryna görä, brendiň önümleriniň galan paýnamalary «öz gymmatyna» satylýar.
2024-nji ýylda Adidas 500 million ýewro girdeji gazanmagy meýilleşdirýär. Nemes kompaniýasynyň direktorlar geňeşi, ýitgilere garamazdan, her paý üçin 70 ýewro sentlik diwidend töleglerini saklamagy maksat edinýär.


düýn 20:03
3k+

London marafonynyň ýeňijsiniň geýen «super-krossowkasy» Adidas-yň söwdasyny hem «öňe ylgatdy»

2026-njy ýylyň London marafony sport dünýäsinde hakyky öwrülişik boldy. Bu ýaryşda rowaýaty «iki sagatlyk böwet» aşyldy we täze dünýä rekordlary goýuldy. Bellemeli ýeri, bu üstünlikde Adidas kompaniýasynyň......

20.04.2026 14:51
2k+

Kith we adidas 70-nji ýyllaryň nysagyndan ruhlanýan täze toplum hödürlediler

«Kith» we «adidas Originals» brendleri 1970-nji ýyllaryň moda dünýäsinden ylhamlanyp, bilelikde täze toplum çykardylar. Bu kolleksiýa öz içine «BW Army», «Samba» we «Japan» ýaly meşhur görnüşleriň......

15.04.2026 14:39
2.4k+

Nike UEFA bilen ylalaşyp, Adidas-yň ornuny eýelejek bolýar

Nike kompaniýasy Çempionlar ligasy, Ýewropa ligasy we Konferensiýa ligasy üçin toplary üpjün etmek baradaky ähtimal şertnama boýunça UEFA bilen gepleşiklere başlady. Bu barada «SportBusiness» neşiri habar......

08.03.2026 17:52
4.2k+

Adidas tanymal futbol klublarynyň taryhy lybaslaryny hödürlär

Adidas kompaniýasy meşhur futbol klublarynyň nusgawy lybaslarynyň uly toplumyny — remeýklerini çykarmagy meýilleşdirýär. 2027-nji ýylyň birinji ýarymyna meýilleşdirilen bu taslama ozalky retro-toplumlaryň gazanan biznes üstünliginiň dowamy bolar...