Angliýanyň we Uelsiň Ýokary kazyýeti awstraliýaly telekeçi we alym Kreýg Raýtyň Satoşi Nakamoto lakamy bilen gizlenýän bitkoin döredijisi däldigi barada karar berdi. Bu barada The Guardian habar berýär.
Degişli karary kazy Jeýms Mellor çykardy. Ol Raýtyň bitkoiniň ak kitabynyň-da, onuň programma üpjünçiliginiň ilkinji nusgalarynyň-da awtory däldigini aýtdy.
Ilkinji gezek Kreýg Raýt barada 2014-nji ýylda, haçan-da ol dünýäde ilkinji bitkoin bankyny döretmegi teklip edende belli boldy. Soň Raýt özüni Satoşi Nakamoto hökmünde görkezip başlady.
Raýta garşy arza Crypto Open Patent Alliance (COPA) täjirçilik däl guramasy tarapyndan berildi. Ol Raýtyň bitkoini döredendigi baradaky aýtgylaryny ret etmek we onuň öz täsirini pudakda ulanmagynyň öňüni almak isledi.
“Sekiz ýyldan gowrak wagt bäri Raýt we onuň maliýe hemaýatkärleri onuň Satoşi Nakamotodygy barada ýalan sözlediler we bu ýalany bitkoin-jemgyýetinde işläp düzüjileri gorkuzmak üçin ulandylar” – diýip, guramanyň wekili belleýär.
Satoşi Nakamotonyň şahsyýeti näbelli bolup galýar. 2008-nji ýylda bitkoiniň ak kitaby (White Paper) – kriptowalýuta taslamasynyň düýp mazmunyny, maksadyny we iş ýörelgesini beýan edýän resminama neşir edileni bäri hiç kim bu lakamyň aňyrsynda kimiň gizlenýändigini ygtybarly kesgitläp bilmedi. Käbir pikirlere görä, onuň aňyrsynda diňe bir adam däl-de, tutuş bir işläp düzüjiler topary-da bolup biler.
Öň, biz bitkoiniň bahasynyň 73 müň dollara ýetip, taryhy rekordy täzeländigini habar beripdik.