Daşary ýurda syýahata gitmek üçin näme gerek? Syýahatçylyk ätiýaçlandyryşy...

  • 11.04.2024 18:54
  • 20k+

Bolan waka...
Ýakynda türkmen maşgalasy Tailanda syýahata gidýär. Syýahatda olaryň çagasy garaşylmadyk ýagdaýda zäherlenip keselleýär we hassahana ýerleşmeli bolýar. Birnäçe gün bejergi alanyndan soň, çagajygyň ýagdaýy gowulaşýar we hassahanadan çykarylýar. Maşgala bolsa, meýilleşdiren syýahatyny dowam edip, soňra Türkmenistana gaýdyp gelýär.
Bu maşgala hassahana üçin hiç hili çykdajy etmeýär. Çüňki, bu maşgala syýahata ugramazdan öň, Türkmenistanda özleri üçin syýahatçylyk ätiýaçlandyryşyny aldylar. Olaryň çykdajylarynyň ählisini ätiýaçlandyryş kompaniýasy töledi.

Garaşylmadyk ýagdaýlardan hiç kim goragly däldir! Ýöne nähili bolanda-da ätiýaçlylygy elden bermeseň gowy.
Nädip diýýäňizmi? Ätiýaçlandyryp.
Ätiýaçlandyryş diýmek, bu adamyň belli bir tölegi üçin belli bir wagtyň dowamynda onuň zadyna ýa-da özüne kepil geçmek diýmekdir. Ýönekeý dil bilen aýdylanda, islendik adam öňünden ujypsyz töleg bilen ep-esli gymmat saglygy bejeriş çykdajylaryny çekmekden goraýar. Bu işleri şertnama baglanyşmak arkaly ýörite ätiýaçlandyryş kompaniýalary ýerine ýetirýär.

BU NÄHILI IŞLEÝÄR?
Siz daşary ýurda gitdiňiz. Birden duýdansyz kesellediňiz ýa-da şikes aldyňyz. Emma siz keseki ýurtda. Nirä gitjegiňizi bileňzok? Haýsy lukmana ýa haýsy hassahana barmaly? Gowy serederlermikä?
Resmi kepil ätiýaçlandyryş kompaniýasy raýatlarymyz üçin daşary ýurtda şikes alan ýa-da kesellän, şeýle hem tiz kömek gerek ýagdaýynda wagtlarynyň we pullarynyň sarp edilmeginden, şeýle hem aladalaryndan goralmagyna mümkinçilik berýär.
Ýönekeý dilde aýdylanda, ätiýaçlandyrylan adam daşary ýurda gideninde ýykylyp şikes alýar, tötänleýin zäherlenýär ýa-da keseleýär (dowamly keselerden başga). Bu ýagdaýda şol adam ätiýaçlandyryş şertnamasyndaky gije-gündiz işleýän telefon belgisine jaň edip, öz ýagdaýyny düşündirýär. Kompaniýanyň wekili sizi şol wagtyň özünde baran ýurduňyzdaky tiz kömek bilen üpjün edýär. Hasahanada size zerur bolan lukmançylyk hyzmatlarynyň we derman serişdeleriniň ählisi bilen mugt üpjün edilýärsiňiz.

Mysal üçin, siz 10 günlük Antalýa gidýäňiz. 17 dollara syýahatçylyk ätiýaçlandyryş şertnamasyny (polis) baglaşýaňyz. Dynç alşyň 4-nji gününde siz duýdansyz zäherlenmeden erbet bolduňyz, ýa-da taýyp ýykyldyňyz we aýagyňyzy agyrtdyňyz.
Siz polisde görkezilen gije-gündiz işleýän telefon belgä jaň edýäňiz. Polis nomeriňizi aýdanyňyzdan soň siz tiz kömek bilen üpjün edilýäňiz. Hassahana eltilip lukmançylyk gözegçiliginden geçýäňiz. Siz ätiýaçlandyrylandyňyz sebäpli tölegleriň ählisini kompaniýa töleýär.

Ätiýaçlandyrmak işi dünýäde giňden ulanylýan hem-de wagtyň synagyndan geçen tejribedir. Ýokarda hem belleýşimiz ýaly, hiç bir adam garaşylmadyk ýagdaýlardan goragly däldir. Şonuň üçin hem ätiýaçlylygy elden bermäň!
«Resmi kepil» HJ ätiýaçlandyryş babatda islendik ýüze çykan soraglaryňyza jogap berer. Islendik adam özüni gyzyklandyrýan sorag bilen kompaniýa ýüz tutup biler. Maslahat bermek işi tölegsiz amala aşyrylýar.
«Resmi kepil» HJ-niň hödürleýän ätiýaçlandyryş hyzmatlarynyň her biri barada giňişleýin hem-de mysallar arkaly düşündirişini TmCars-Biznes hasaplardan okap bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin:
+993(62) 20-36-04;
+993(12) 48-46-36;
+993(12) 48-46-37;

Lebap welaýaty: +993(65) 58-18-19
Daşoguz welaýaty: +993(65) 05-76-05
Instagram: @resmikepil
Elektron poçta: info@resmikepil.com

Salgysy Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 50-nji jaý.


01.06.2026 13:04
2.9k+

Syýahatçylygyň ösmegi Islandiýany dünýäniň iň gymmat ýurduna öwürdi

Islandiýa bahalaryň umumy derejesi boýunça Şweýsariýadan öňe geçip, ýene-de dünýäniň iň gymmat ýurdy boldy. Bu barada «Bloomberg» agentligi Viska intellektual zähmet işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň......

27.05.2026 14:41
6.8k+

Malaýziýada 7351 otagly dünýäniň iň uly myhmanhanasy hereket edýär

Malaýziýanyň «Genting-Haýlends» kurort toplumynda ýerleşýän «First World Hotel» dünýäniň iň iri myhmanhanasy derejesini saklap gelýär. Giňeldilme işlerinden soň, toplumyň otag sany 7351-e ýetdi, bu bolsa oňa......

24.05.2026 16:01
4k+

Finlýandiýa 16 daşary ýurtlyny mugt tagam syýahatyna çagyrýar

Finlýandiýanyň «Visit Finland» syýahatçylyk guramasy fin aşhanasyny dünýä meşhur etmek maksady bilen, şu ýylyň güýzünde 16 sany daşary ýurtly myhman üçin çykdajylary doly tölenen tagam syýahatyny guraýar......

24.05.2026 14:30
1.9k+

Anime we manga muşdaklary Aziýada syýahatçylygyň ösmegine uly itergi berýär

Aziýa ýurtlarynda «anime syýahatçylygy» diýlip atlandyrylýan täze akym durnukly ösmegini dowam edýär. Meşhur «Trip.com» platformasynyň maglumatlaryna görä, diňe soňky bir ýylyň dowamynda anime we manga......