ABŞ-da bitkoin-maýnerlere ekologiýa ýetirilen zyýan üçin 30% salgyt giriziler

  • 16.03.2024 19:22
  • 6.4k+

ABŞ maýning kompaniýalarynyň daşky gurşawa ýetirýän täsirini azaltmak üçin, olara salgyt salmak isleýär. Ýurduň 2025-nji ýyl üçin býujet taslamasynda olar tarapyndan sarp edilýän elektrik energiýasy üçin 30%-lik salgyt barada punkt peýda boldy.

Häkimiýetler kriptowalýuta maýninginiň ekologiýa ýaramaz täsiri barada alada edýärler. Bu prosess maşynlaryň prosessorlaryna güýçli agram salýar, bu hem elektrik energiýasynyň köp sarp edilmegine (ol sowadyş ulgamy üçin hem harçlanýar), bug gazlarynyň atmosfera zyňylmagyna we daşky gurşawyň hapalanmagyna sebäp bolýar.
Kembrij uniwersitetiniň gözlegçileriniň hasaplamalaryna görä, şeýle amallara her ýyl 121,36 milliard kilowatt/sagat elektrik energiýasy sarp edilýär, bu tutuş bir ýurtlaryň ýyllyk sarp edişinden ep-esli köpdür. Deňeşdirmek üçin, Türkmenistan 2028-nji ýyla çenli elektrik energiýasynyň önümçilik möçberini 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende 22,5% ýokarlandyryp, 37,5 milliard kilowatt/sagada ýetirmegi meýilleşdirýär.
Bir bitkoini almak üçin ortaça 266 müň kWt/s gerek, ýöne olaryň köp öndürilýändigi sebäpli, bu maksatlara global elektrik energiýasynyň 0,69%-i sarp edilýär.
BMG-niň maglumatlaryna görä, maýning atmosfera tas 86 mln tonna kömürturşy gazynyň zyňylmagyna getirdi we adamzady 1,65 mlrd tonna arassa suwdan mahrum etdi.
Amerikan häkimiýetleri salgydy tapgyrlaýyn girizmegi meýilleşdirýärler: 2025-nji ýylda 10%, 2026-njy ýylda 20%, 2027-nji ýylda 30%. Mundan başga-da, maýnerler energiýanyň sarp edilişi barada hasabat bermeli bolarlar.
Hünärmenler we ABŞ-nyň käbir senatorlary bu salgydy Baýdeniň administrasiýasynyň “ABŞ-da bitkoiniň ýaýramagyny ýatyrmak we Merkezi bankyň sanly walýutasyny (CBDC) işe goýbermek synanyşygy” diýip hasaplaýarlar. Şeýle-de, olar ýurtdan maýnerleriň gitmegini we býujet girdejileriniň azalmagyny çaklaýarlar.
Şeýlelikde, Hytaý eýýäm 2021-nji ýylda bitkoin maýningini gadagan etdi we bu maýnerleriň başga ýurtlara gitmegine getirdi.
Salgyt barada gutarnykly karar ABŞ-nyň Kongresi tarapyndan kabul ediler. Kanun taslamasynyň tassyklanjakdygy heniz belli däl, ýöne ol eýýäm uly çekişmäni ýüze çykardy. 


19.06.2026 19:47
1.1k+

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

14.06.2026 15:10
1.4k+

Google kompaniýasy ABŞ-nyň federal kwant maksatnamasyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kwant tehnologiýalaryny goldamak boýunça federal maksatnamasyna gatnaşmazlyk kararyna geldi. Kompaniýa maliýeleşdiriş şertleriniň iş ýüzünde peýdaly boljak kwant kompýuteriniň......

09.06.2026 15:08
2.4k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......

08.06.2026 18:54
4.4k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......