Aprel-iýun aýlarynda Türkmenistanda geçiriljek halkara internet olimpiadalary mälim edildi

  • 16.03.2024 05:52
  • 5.2k+

15-nji martda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer N.Amannepesow ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara olimpiadalary hem-de ylmy-amaly maslahatlary geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly,

  • 10-11-nji aprelinde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda iňlis dili dersi boýunça III halkara internet olimpiadasyny;
  • Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda 12-nji aprelde makroykdysadyýet hem-de 16-njy maýda dünýä ykdysadyýeti dersleri boýunça II Açyk halkara internet olimpiadalaryny, 26-njy aprelde «Maliýe bazarlarynyň ösüşiniň häzirki zaman meýilleri» atly halkara ylmy-amaly maslahaty;
  • 15-nji aprel — 1-nji maý aralygynda Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy gorap saklamakda halkara ynsanperwer hukugynyň ähmiýeti» atly düzme ýazmak boýunça bäsleşigi;
  • 6 — 11-nji maý aralygynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda nazary mehanika dersi boýunça III Açyk halkara internet olimpiadasyny;
  • 11-nji maýda Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda çyzuwly geometriýa we inžener grafikasy dersi boýunça II Açyk halkara internet olimpiadasyny sanly ulgam arkaly geçirmek meýilleşdirilýär.

Şeýle hem Bilim ministrliginiň we Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň bilelikde guramagynda 22 — 25-nji maýda paýtagtymyzda Merkezi Aziýa we Hazarýaka ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Halkara gatnaşyklar we geosyýasy modelirleme» atly halkara olimpiadany geçirmek hem-de bäsleşige geljek daşary ýurtly myhmanlary Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli geçiriljek dabaraly çärelere gatnaşdyrmak göz öňünde tutulýar.
4-5-nji iýunda bolsa Aşgabatda Ylymlar güni mynasybetli Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty tarapyndan «Binagärlik gurluşykda döredilen sungatdyr» atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirmek teklip edilýär.
Halkara çäreleri ýokary derejede geçirmekde toplanan tejribeden ugur alyp, agzalan olimpiadalara hem-de ylmy-amaly maslahatlara ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarydyr ýaş alymlary bilen bir hatarda, dünýäniň abraýly bilim ojaklarynyň we ylmy merkezleriniň wekilleriniň işjeň gatnaşmaklaryny hem üpjün etmek meýilleşdirilýär. Ýeňijiler dürli derejeli medallar, diplomlar bilen sylaglanylar.


düýn 16:29
3.5k+

Hytaýda 10 müňden gowrak türkmen raýaty bilim alýar

Hytaýda Türkmenistanyň 10 müňden gowrak raýaty bilim alýar. Bu baradaky maglumatlary Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýyň «CGTN» teleýaýlymynyň alypbaryjysy He Ýanke beren interwýusynda mälim etdi...

19.03.2026 19:47
3.6k+

Britaniýanyň ilçisi we ÝUNISEF-iň wekili Aşgabatdaky synag inklýuziw mekdebine baryp gördi

Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçisi Stiwen Konlon we ÝUNISEF-iň wekili Jalpa Ratna Aşgabat şäherindäki 74-nji synag inklyuziw mekdebine baryp gördi. Bu sapar Beýik Britaniýanyň hökümetiniň Britan halkara...

19.03.2026 17:31
2.6k+

L.N.Gumilýow adyndaky Ýewraziýa milli uniwersitetinde okaýan türkmen talyplary tegelek stol geçirdi

18-nji martda Astanadaky L.N. Gumilýow adyndaky Ýewraziýa milli uniwersitetinde «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy: Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň watany» atly tegelek stol geçirildi...

15.03.2026 12:38
4.8k+

Türkmen ýokary okuw mekdepleri «Lomonosow-2026» forumynyň meýdançasyna öwrüler

2026-njy ýylyň 10-njy — 25-nji apreli aralygynda M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersiteti tarapyndan guralýan «Lomonosow» XXXIII talyplaryň, aspirantlaryň we ýaş alymlaryň halkara ylmy maslahaty geçiriler...