“Türkmen topragy - gadymy medeniýetleriň merkezi” atly metbugat maslahaty geçiriler

  • 15.03.2024 23:59
  • 3k+

28-njy martda Aşgabatda “Türkmen topragy-gadymy medeniýetleriň merkezi” atly metbugat maslahaty geçiriler. Bu barada Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer M.Mämmedowa hasabat berdi.

Bu maslahat Änew şäheriniň 2024-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guraljak dabaralaryň çäklerinde geçiriler.
Bellenilişi ýaly, bu çärä TÜRKSOÝ-a agza döwletlerden hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň hyzmatdaşlary bolan daşary ýurt döwletleriniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Forumyň işi “Türki medeniýetleriň birligi we onuň metbugatda tutýan orny”, "Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy", “Sanly media we habarlar”, “Filmler, animasiýalar we kinofestiwallar” atly jemi dört bölümde geçiriler.
Meýilnama laýyklykda, myhmanlar üçin taryhy ýerlere gezelençleri Aşgabat we   Arkadag şäherleriniň ajaýyp ýerleri bilen tanyşmaklaryny guramak, şeýle hem “Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri” atly halkara maslahatynyň işine gatnaşmaklary we Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary bilen duşuşygy göz öňüne tutulýar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Aşgabat şäherinde geçiriljek «Türkmen topragy – gadymy medeniýetleriň merkezi» atly metbugat maslahatyny ýokary derejede geçirmek üçin gowy taýýarlyk görmegiň wajypdygyny belledi. Metbugat maslahatynda halkymyzyň dünýä medeniýetiniň ösüşine goşan goşandyny giňden beýan etmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. 


14.05.2026 19:01
1.6k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......