Milliarder Bernar Arno Fransiýanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin orden aldy

  • 15.03.2024 09:58
  • 6k+

LVMH kompaniýalar toparynyň prezidenti Bernar Arno Fransiýanyň iň ýokary döwlet baýragy - "Uly haçyň" kawaleri derejesinde Hormat legionynyň ordeni bilen sylaglandy. Dabara 13-nji martda Ýeliseý köşgünde geçirildi. Baýragy milliardere respublikanyň Prezidenti Emmanuel Makron gowşurdy. Bu barada BFMTV teleýaýlymy habar berýär.

Arnonyň sylaglanmagy onuň Fransiýanyň öňünde bitiren ajaýyp hyzmatlarynyň ykrar edilmesi boldy. Ol müňlerçe iş ornuny döretmek we Fransiýany dünýäniň gözellik pudagynda liderleriň birine öwürmek bilen, fransuz ykdysadyýetiniň ösüşine uly goşant goşdy.
Bloomberg Billionaries Index-e görä, häzirki wagtda Bernar Arno dünýäde iň baý adamdyr. Onuň baýlygy 205 mlrd dollar bilen bahalandyrylýar. Onuň yzyndan Amazon-yň esaslandyryjysy Jeff Bezos ($199 mlrd) we Tesla-nyň hem X sosial ulgamynyň eýesi Ilon Mask ($184 mlrd) gelýär.
Hormat legionynyň ordeni Fransiýada 1802-nji ýylda Napoleon Bonapart tarapyndan döredilen iň ýokary döwlet baýragydyr. Ordeniň bäş derejesi bar: kawaler, ofiser, komandor, beýik ofiser we Uly haçyň kawaleri.


04.04.2025 11:28
6.7k+

Forbes: ilkinji gezek birbada 3 milliarderiň baýlygy 200 mlrd dollardan geçdi

Forbes neşiri dünýäniň iň baý adamlarynyň täzelenen reýtingini hödürledi. Sanawyň taryhynda ilkinji gezek birbada üç adamyň baýlygy 200 mlrd dollardan geçdi. Birinji orny Tesla, SpaceX we ýakynda döredilen XAI...

28.02.2025 11:43
13k+

Mask supermilliarderleriň reýtinginde birinji orny eýeledi. Reýtingde jemi 24 adam bar

ABŞ-nyň hökümetiniň iş netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça edarasynyň (DOGE) ýolbaşçysy Ilon Mask supermilliarderleriň reýtinginde birinji orny eýeledi. Bu reýtinge bütin dünýä boýunça bary-ýogy 24 adam girýär...

30.12.2024 15:04
7k+

Bernar Arno 2024-nji ýylda iň kşp ýitgi çeken milliarderleriň anti-reýtinginde birinji boldy

2024-nji ýylda milliarderleriň sanawynda birinji ýeri eýelän, iň iri, kaşaň önümleri öndüriji LVMH-iň baş direktory Bernar Arnonyň baýlygy 2024-nji ýylda ep-esli azaldy. Business Insider-iň berýän maglumatlaryna...

04.10.2024 22:01
4.2k+

LVMH kompaniýasy “Formula-1-iň” täze hemaýatkäri boldy

“Formula-1” çempionatynyň eýesi Liberty Media holdingi LVMH lýuks ägirdi bilen 10 ýyllyk şertnama baglaşdy. Onuň çäklerinde hyzmatdaşlyga Louis Vuitton, Moet Hennessy we TAG Heuer ýaly birnäçe meşhur brendler gatnaşar...