Ýewropa ligasynyň çärýek finalçylarynyň ählisi belli boldy

  • 15.03.2024 14:01
  • 7.4k+

Ikinji möhüm ýewrokubok ýaryşy bolan UEFA-nyň Ýewropa ligasynyň 1/8 finalynyň jemleýji oýunlary tamamlandy.

Şeýlelikde, Ýewropa ligasynyň 1/4 finalyna “Liwerpul”, “Marsel”, “Roma”, “Benfika”, “West Hem”, “Atalanta”, “Milan” we “Baýer” çykdy. Bije çekişik 15-nji martda geçiriler.

Dörtden bir finala çykanlaryň hiç biri öň Ýewropa ligasynda ýeňiji bolmady. Ýaryşda ýeňiş gazanmaga ýakyn topar “Liwerpul” hasaplanýar. Şeýle-de, esasy dalaşgärleriň üçlügine “Milan” we “Baýer” girýär.

Jogap oýunlarynyň netijeleri:

“Liwerpul” (Angliýa) – “Sparta” (Çehiýa) – 6:1 (birinji oýun – 5:1)

“Wilýarreal” (Ispaniýa) – “Marsel” (Fransiýa) – 3:1 (0:4)

“Braýton end Houw” (Angliýa) – “Roma” (Italiýa) – 1:0 (0:4)

“Reýnjers” (Şotlandiýa) – “Benfika” (Portugaliýa) – 0:1 (2:2)

“West Hem” (Angliýa) – “Fraýburg” (Germaniýa) – 5:0 (0:1)

“Atalanta” (Italiýa) – “Sporting” (Portugaliýa) – 2:1 (1:1)

“Slawiýa” (Praga, Çehiýa) – “Milan” (Italiýa) – 2:4 (1:3)

“Baýer” (Germaniýa) – “Karabah” (Azerbaýjan) – 3:2 (2:2)

Final 22-nji maýda Dublinde geçiriler. Ýaryşyň häzirki ýeňijisi “Sewilýa” we ol ýedi ýeňiş bilen Ýewropa ligasynyň iň köp titully klubydyr.


şu gün 13:40
4.6k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

düýn 22:49
6.7k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

düýn 13:39
10k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......

23.06.2026 14:15
13k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......