Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyry 2024-nji ýylda ulanyşa giriziler

  • 15.03.2024 16:09
  • 9k+

Şu ýylda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyry açylyp, ulanylmaga berler. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasynda eden çykyşynda belledi.

Täze, häzirki zaman innowasion tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyry ýylda 1 million tonna ýokary hilli sement önümini öndürer. Munuň özi diňe bir bu önüme bolan içerki zerurlyklary kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, onuň eksportyny hem artdyrar.
Sement gurluşyk üçin iň zerur önümleriň biri bolup durýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda gurlup ulanmaga berlen Bäherden, Balkan we Lebap sement zawodlarynda täze innowasion tehnologiýalar esasynda dünýä standartlaryna doly laýyk gelýän ýokary hilli önümler öndürilýär. Häzirki wagtda «Türkmenistanda öndürildi» diýen ýazgyly sement önümleri diňe bir içerki bazarlarda däl, eýsem, dünýä bazarlarynda hem uly islege eýe bolýar.


düýn 22:09
671

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

düýn 18:14
535

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......

düýn 12:31
3.9k+

Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynda galla oragynyň barşy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär....

düýn 09:55
653

Türkmenistan «MA – Koreýa Respublikasy» birinji sammitiniň taýýarlyk işlerine gatnaşdy

16-njy iýunda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine taýýarlyk görmek......