DxOMark Oppo Find X7 Ultra-ny dünýäniň iň gowy kameraly smartfony diýip ykrar etdi

  • 14.03.2024 15:39
  • 6.4k+

DxOMark barlaghanasynyň hünärmenleri Oppo Find X7 Ultra flagman smartfonynyň kamerasyny synagdan geçirdiler we enjamy kameralaryň sanawynda birinji orunda goýdular.

Synaglaryň netijesinde Oppo Find X7 Ultra 157 utuk toplady we Huawei Mate 60 Pro+ bilen bilelikde iň oňat kameralary bolan smartfonlaryň sanawynda birinji orny eýeledi. Oppo-nyň flagmany hersi 550 megapiksel durulykda dört kamera eýedir, olaryň arasynda sanda iki modul – 2,8 we 6 esse optiki ýakynlaşdyrmaly periskoplarlar bardyr. Bu şeýle çözgüt ulanylan ilkinji smartfondyr.
DxOMark-yň hünärmenle, suratlarda-da, wideo düşürilende-de Oppo Find X7 Ultra-nyň reňk geçirişiniň hiline hem-de ak reňkiň deňagramlylygyna ýokary baha berdiler. Mundan başga-da, obýekti we fony takyk bölýän ajaýyp boke-täsiriniň, şeýle hem ýokary derejeli detalizasiýanyň bardygy bellenilýär. Periskop suratlary hem ajaýyp detalizasiýa görkezdi, portretler we peýzažlar bolsa takyklyk täsirini we giň dinamiki diapazony görkezdi.
Şeýle-de bolsa, makro we ultra giň burçly kamera suratlarynda detallaryň kiçelmegi we ýokary kontrastly ýagdaýlarda täsiriň durnuksyzlygy ýaly käbir kemçilikler ýüze çykaryldy.
Oppo Find X7 Ultra ýanwar aýynyň başynda 12/256 GB nusgasy üçin 6 müň ýuandan (takmynan, 840 dollar) başlanýan baha bilen satuwa çykdy.

şu gün 00:07
1.8k+

Ýewropadaky yssy howa kondisionerlere bolan islegi rekord derejä ýetirdi

Ýewropa yklymyndaky aşa gyzgyn howa şertleri sowadyş ulgamlaryna bolan islegiň birden ýokarlanmagyna sebäp boldy. Bu ýagdaý Samsung Electronics, Midea we Mitsubishi Electric ýaly Aziýanyň öňdebaryjy......

şu gün 00:03
1.2k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 23:56
2.6k+

Ak tam daşary ýurtlulara gaçybatalga bermegiň doly bes edilýändigini mälim etdi

ABŞ-nyň administrasiýasy daşary ýurt raýatlaryna gaçybatalga bermegini bütinleý bes edýändigini yglan etdi. Bu barada geçirilen brifingde Ak tamyň işgärler apparatynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Stiwen Miller......

düýn 23:53
1.6k+

Korol Karl III Bukingem köşgüne dolanmakdan ýüz dönderdi

Beýik Britaniýanyň koroly Karl III we şa zenany Kamilla Bukingem köşgüniň abatlaýyş işleri doly tamamlanyp, taýyn bolandan soň hem ol ýerde ýaşamazlar. Bu barada The Daily Beast neşiri habar berýär....