Türkmenistanyň milli futbol ýygyndysy Eýran bilen oýundan öň Dubaýda türgenleşik geçer

  • 14.03.2024 07:47
  • 10k+

Türkmenistanyň milli futbol ýygyndysy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň saýlama ýaryşynyň Eýranyň toparyna garşy oýnuna taýýarlanyp başlady. Baş tälimçi Mergen Orazowyň ýolbaşçylygyndaky futbolçylar 19-njy marta çenli dowam etjek türgenleşigi geçmek üçin Dubaýa geldiler.

Soňra türkmen topary Tährana ugrar we 21-nji martda “Azadi” stadionynda Eýranyň milli ýygyndysy bilen duşuşar. Oýun Aşgabat wagty bilen 22:00-da başlar.
Myhmançylykdaky duşuşykdan soň futbolçylar Aşgabada gelerler we garşydaş bilen öý oýnuna taýýarlanyp başlarlar. Oýun 26-njy martda “Aşgabat” stadionynda geçiriler we 20:00-da başlar.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň ýygyndysy E toparçada üçünji orny eýeleýär. Onuň hasabynda iki duşuşygyň jemi boýunça 1 utuk bar. Topar myhmançylykda Gonkong bilen deňme-deň oýnady (2:2), ýöne öý oýnunda Özbegistanyň ýygyndysyndan utuldy (1:3). Toparda lider 4 utuk bilen Eýran bolup, ol Özbegistandan goşmaça görkezijiler bilen öňde barýar. Gonkong dördünji orny eýeleýär.
Eýran bilen iki oýundan soň türkmen futbolçylary 6-njy iýunda myhmançylykda Özbegistanyň milli toparyna garşy oýnar, 11-nji iýunda Gonkongyň milli ýygyndysyny kabul eder.


düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......