Ronaldu klub derejesinde 750-nji goluny saldy

  • 13.03.2024 06:16
  • 6.7k+

«Al-Nasr» Aziýanyň Çempionlar ligasynyň çärýek final tapgyrynda «Al-Aýndan» ýeňildi (iki oýnuň jemi hasaby 4:4, penalti – 1:3).

«Al-Nasryň» hüjümçisi Ronaldu oýnuň 118-nji minudynda 11 metrlik jerime urgusyny ýerine ýetirdi. Bu gol 39 ýaşly portugaliýaly futbolçynyň klub derejesinde 750-nji goly boldy (Portugaliýanyň milli ýygyndysyndaky golary hem goşsak, 878-nji). Ol ozal «Sporting», «Mançester Ýunaýted», «Real Madrid» we «Ýuwentus» toparlarynda çykyş etdi.
Ronaldu Aziýanyň Çempionlar ligasyndaky 6-njy, şu möwsümde klub derejesindäki 35-nji, 2024-nji ýyldaky 5-nji we «Al-Nasryň» düzümindäki 49-njy topuny derwezä girizdi.


düýn 20:39
3.3k+

CAF Afrika Kubogynyň finalyndaky bidüzgünçilikleri üçin Senegal bilen Marokko temmi berdi

Afrika Futbol Konfederasiýasy (CAF) Senegal bilen Marokkonyň ýygyndylarynyň arasynda Afrika Milletler Kubogynyň finalynda bolup geçen düzgün bozmalar boýunça temmilerini yglan etdi. Şol duşuşykda Senegal Marokkony goşmaça wagtda 1:0 hasabynda ýeňip, taryhynda ikinji gezek ýaryşyň ýeňijisi bolupdy...

düýn 09:44
6.3k+

Mbappe ÇL-de Ronaldunyň rekordyny täzeledi, Lewandowski Messiniň üstünligini gaýtalady

Madridiň «Real» toparynyň hüjümçisi Kilian Mbappe UEFA Çempionlar ligasynyň umumy/toparlaýyn tapgyrynda iň köp gol geçirmek boýunça rekordy täzeledi.   Fransiýaly hüjümçi Çempionlar ligasynyň umumy tapgyrynyň 8-nji turunda «Benfika» toparyna garşy geçirilen oýunda dubl etdi...

düýn 09:14
7.1k+

Diňe ýeňip gelen «Arsenal», «Realyň» şowsuzlygy, derwezebanyň salan goly: ÇL-de umumy tapgyr jemlendi

29-njy ýanwara geçilýän gije UEFA Çempionlar ligasynda umumy tapgyryň oýunlary jemlendi. Olaryň netijesinde, Ýewropanyň iň esasy klub ýaryşynyň göni 1/8 finalyna çykan sekiz topar belli boldy. Ýaryş jedweliniň birinji ornuny «Arsenal» topary eýeledi...

27.01.2026 22:40
5.8k+

«Barselona» Fermin Lopes bilen şertnama baglaşdy, ýöne Drony PSŽ-ä goýberdi

«Barselona» futbol klubunyň ýetişdiren oýunçysy Dro Fernandes PSŽ-niň oýunçysy boldy. Bu transfer barada parižli klubuň resmi saýty habar berdi.  18 ýaşly ispaniýaly ýarymgoragçy 2030-njy ýyla çenli möhlet bilen şertnama baglaşdy...