Bitkoiniň hümmeti taryhda ilkinji gezek 71 müň dollardan geçdi

  • 11.03.2024 18:01
  • 5.3k+

2024-nji ýylyň 11-nji martynda bitkoin ilkinji gezek bir teňňe üçin 71 müň dollardan geçip, taryhy öňegidişligi amala aşyrdy. Iň ýokary derejesinde (Aşgabat wagty bilen 15:10-da) kriptowalýutanyň hümmeti CoinBase biržasynda 71 859,97 dollara ýetdi.

Beýleki biržalarda hem şuňa meňzeş görkezijiler hasaba alyndy, bahalar 72 müň dollara golaýlady.
Soňky bir aýda bitkoin 48%-den gowrak gymmatlap, uly ösüşi görkezdi. Kriptowalýutanyň bazar bahasy 1,4 trln dollardan geçdi.
Bitkoinden başga-da, sanly aktiwleriň bazarynda umumy ösüş hasaba alynýar. Soňky ýedi günde ilkinji onluga girýän köp kriptowalýutalar kapitalizasiýasy boýunça 10-30% ýokarlandylar. Meşhurlygy boýunça ikinji kriptowalýuta Ethereum hem oňyn dinamikany görkezýär. Bir günde Ethereum-yň hümmeti tas 4% ýokarlanyp, bir teňňe üçin 4031 dollara ýetdi (iň ýokary derejesi 4049 dollar).

Hünärmenler bitkoiniň ösüşini üpjün edýän şertleriň arasynda esasy ikisini belleýärler.

  • Indiki aýda garaşylýan bitkoiniň halwingi. Bu waka täze bitkoinleriň emissiýasynyň iki esse azalmagyna getirer, bu hem adatça, hümmetiň ýokarlanmagyna getirýär.
  • Amerikanyň spot birža fondlaryna (ETF) serişdeleriň güýçli akymy. Bu fondlarda söwdalar 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda başlady. Şeýlelikde, BlackRock kompaniýasynyň fondunda eýýäm 14 mlrd dollarlyk 200 müň bitkoin bar.

06.02.2026 09:27
2.6k+

Bitkoin 63 müň dollardan aşak düşdi: bu onuň ýeten iň ýokary görkezijisinden iki esse arzan

Binance biržasynyň maglumatyna görä, bitkoin kriptowalýutasynyň kursy Aşgabat wagty bilen sagat 01:55-de 62 345 dollara çenli pese düşdi. Bu görkeziji 2025-nji ýylyň oktýabr aýyndaky taryhy iň ýokary derejeden iki esse azdyr...

05.02.2026 18:27
4.3k+

Bitkoiniň pese gaçmagy zerarly tutuş kriptobazar tas ýarym trillion dollar ýitirdi

Soňky bir hepdede kriptowalýuta bazary, takmynan, ýarym trillion dollar ýitirdi: 29-njy ýanwardan bäri onuň kapitalizasiýasy 467,6 mlrd dollar azaldy. Esasy zarba bitkoine degdi, onuň pese düşmegi bitkoiniň gorag aktiwi hökmündäki ornuna şübhäni artdyrdy diýip, Bloomberg habar berýär...

01.02.2026 11:29
1.9k+

Bitkoiniň bahasy 11-nji aprelden bäri ilkinji gezek 80 müň dollardan aşak düşdi

Bitkoiniň bahasy söwdalaryň barşynda 2025-nji ýylyň 11-nji aprelinden bäri ilkinji gezek 80 müň dollardan aşak düşdi. Muny Binance biržasynyň maglumatlary tassyklaýar. Aşgabat wagty bilen sagat 09:30-da bitkoin 78,9 müň dollar töwereginde bahalandyryldy, bu bolsa günüň dowamynda 5,20% pese gaçyşy aňladýar...

30.11.2025 09:16
10k+

Türkmenistanda maýningi we kriptobiržalaryň işini düzgünleşdirýän kanun kabul edildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurtda kriptowalýutalaryň maýningini we kriptobiržalaryň işini düzgünleşdirýän "Wirtual aktiwler hakynda" Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi. Resminama 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girer diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär...