Elektrikli diş çotgasynda Wi-Fi funksiýasy bilen Doom oýnuny oýnamak başartdy

  • 11.03.2024 17:43
  • 10k+

Amerikaly bloger we tehnologiýa höwesjeňi Aaron Kristofele reňkli displeýli Evowera Planck Mini «akylly» diş çotgasynda Doom atly meşhur uruşly oýnamak başartdy. Bu barada TechRadar portaly habar berdi.

Ol ESP32-C3 çotgasynyň mikrokontrollerine programma üpjünçiliginiň ýörite wersiýasyny göçürip, simsiz Wi-Fi tory arkaly enjamyň programma üpjünçiligini täzelemek funksiýasyndan peýdalandy. Şondan soň Kristofel 1993-nji ýylda çykan wideooýny diş çotgasyna ýükledi. Doom-yň eýýäm ESP32 seriýaly mikrokontrollerlarda işledilendigi sebäpli, bu ädim gaty ýönekeý boldy.
Diş çotgasynyň enjamlaryna we datçik maglumatlaryna girip bilendigine garamazdan, bloger Doom-daky gahrymany dolandyrmak üçin simsiz syçanjygy diş çotgasyna birikdirmeli boldy. Kristofel onuň kömegi bilen oýnuň şeýle platformada-da gaty gowy işleýändigini görkezdi.
Doom taryhdaky iň meşhur oýunlaryň biridir. Ýöne ol höwesjeňleriň Doom-y islendik elektron enjamynda – mikrotolkunly peçlerde, sowadyjylarda, ot ýygýan enjamlarda we hatda göwreliligi kesgitleýän enjamlarda-da işletmegi başarýandyklary bilen meşhurdyr.

şu gün 14:47
1.2k+

Türkmenistanyň müftüsi wezipesine Rahman Gurbanmyradow bellenildi

Gypjakdaky Türkmenbaşynyň ruhy metjidinde din işgärleriniň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat......

düýn 20:14
3.2k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
1.2k+

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
5.3k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....