ABŞ kosmos zibilleri üçin öz kompaniýalaryna jerime salyp başlady

  • 11.03.2024 12:54
  • 8k+

ABŞ orbitada kosmos zibilleriniň üçin jerime salyp başlady. Taryhdaky ilkinji jerime 150 müň dollar boldy.

«Dish» amerikan teleýaýlym prowaýderine emeli hemrasynyň orbitasyny howpsuz işletmek üçin düşürip bilmänligi sebäpli, Ýeriň pes orbitasynda täze emeli hemralaryň ýaýramagynyň öňüni alýan dyknyşyk döredendigi üçin jerime salyndy. Jerime salnan badyna, «Dish-iň» paýnamalary 4% arzanlady.
Bu jerime hökümet düzgünleşdiriji, ABŞ-nyň Aragatnaşyk boýunça federal komissiýasy (FCC) tarapyndan salyndy. Bu edara emeli hemralara, kosmos missiýalaryna, kärhanalara we adamlara howp döredip biljek umumy göwrümi takmynan 8 müň tonna bolan 900 müň bölek kosmos zibilini aradan aýyrmak üçin tehnologiýalary goldaýan «Orbital durnuklylyk hakynda kanuny» durmuşa geçirýär.
«Häzirki wagtda işjeň hemralaryň sany 9500-den geçýär we orbitadaky obýektleriň umumy sanynyň takmynan 33 göterimini düzýär. Bu görkeziji boýunça kataloglaşdyrylan obýektleriň 67 göterimi hiç hili peýdaly maksat bilen hyzmat etmeýär we zibil hasap edilip bilner. Hususan-da, Ýeriň pes orbitasyndaky bulaşyklyk ol ýerde elýeterli hususy emeli hemralaryň köpelmegi sebäpli çynlakaý meselä öwrülýär. Bu barha köpelýän zibilleri Ýeriň pes orbitasynda çaknyşmak howpuny ýokarlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, aragatnaşyk hemralarynyň has ýokary orbitalarda howpsuz ýerleşdirilmeginiň hem öňüni alar» diýlip SpaceNews neşirinde çap edilen makalada bellenilýär.


11.06.2026 08:39
1.1k+

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....

10.06.2026 10:51
1.2k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

09.06.2026 23:32
4.1k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

08.06.2026 16:17
2.9k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....