Barbi gurjagy 65 ýaşady

  • 11.03.2024 12:52
  • 9.5k+

Barbi gurjagy ilkinji gezek 1959-njy ýylyň 9-njy martynda Nýu-Ýorkda satuwa çykaryldy. Soňra ol örän uly meşhurlyk gazandy – häzirki wagtda bu oýunjaklar dürli reňklerde, beden şekillerinde we hünärlerde öndürilýär.

1945-nji ýylda Elliot Hendler we aýaly Rut Los-Anjelesde öýleriniň kiçijik goş goýulýan otagyny ýörite enjamlaşdyryp, bu ýerde oýunjak öndürip başladylar. Soňra olara Met diýlip atlandyrylýan maşgala dosty Garold Metson hem goşuldy. Olar bilelikde hyzmatdaşlaryň atlarynyň ilkinji bogunlaryny özünde jemleýän Mattel kompaniýasyny döretdiler.
Barbi Rut Hendler tarapyndan döredildi. Ol 1955-nji ýylda uzyn boýy, inçe bili we näzikligi bilen tapawutlanýan gurjak ýasady. Oňa Hendlerleriň gyzy Barbaranyň hormatyna Barbi diýlip at berildi.
Gurjaklaryň ilkinji partiýasy Amerikanyň Halkara oýunjak ýarmarkasynda iki görnüşde – gara-ak ýüzülýän geýiminde goňur saçly we sary saçly gurjaklar görnüşinde satyldy. Model görnüşli gurjak dünýä bazarynda örän tiz wagtda meşhurlyk gazandy we köp ýurtda iň köp satylan oýunjak boldy. Ilkinji gurjak çykandan kän wagt geçmänkä, Mattel oýunjak jaýlary, gap-gaçlary, egin-eşikleri we beýleki goşlary öndürip başlady. Soňra Barbiniň Hendlerler jübütiniň ogly Kennetiň adyny göterýän Ken atly dosty peýda boldy. Ýuwaş-ýuwaşdan gurjagyň dostlary, garyndaşlaryny, çagalary we öý haýwanlary döredildi.

şu gün 14:47
1.2k+

Türkmenistanyň müftüsi wezipesine Rahman Gurbanmyradow bellenildi

Gypjakdaky Türkmenbaşynyň ruhy metjidinde din işgärleriniň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat......

düýn 20:14
3.2k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
1.2k+

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
5.3k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....