ABŞ-nyň ýokary okuw mekdeplerine girmek üçin SAT synaglaryny şu ýyl onlaýn tabşyryp bolar

  • 10.03.2024 08:52
  • 10k+

ABŞ-nyň kollejlerine girmek üçin tabşyrylýan SAT giriş synagyny (Scholastic Assessment Test) 2024-nji ýylda onlaýn görnüşde tabşyryp bolar. 98 ýylyň dowamynda synag däp bolan kagyz görnüşinde geçirilýärdi.

SAT synagyny geçirmäge jogap berýän gurama bolan CollegeBoard-yň saýtynda habar berlişi ýaly, test tabşyrmagyň onlaýn usuly hem edil şolar ýaly takyklyga eýedir, myndan başga-da, ol testi tabşyrmagyň dowamlylygyny üç sagatdan 2 sagada çenli gysgaltmaga mümkinçilik berer. Şeýle hem akademiki okuw bölüminde tekst parçalarynyň möçberi azaldylar.
Täze format üçin guramaçylar Bluebook maksatnamasyny işläp düzdüler. Şunda, prosedura üýtgeşmeler girizildi. Indi synag tabşyrylanda sanly gurallar ulanylar, mysal üçin, grafiki kalkulýator.
2023-nji ýylda SAT-yň onlaýn görnüşiniň tejribe-synagy bu görnüşiň talyplarda dartgynlylygy peseldýändigini, olara ýumuşlarda has köp ünsüni jemlemäge mümkinçilik berýändigini we göçürmek mümkinçiligini azaldýandygyny görkezdi.
Dalaşgärler SAT synagyny şahsy ýa-da okuw enjamlarynda (noutbuklarda ýa-da planşetlerde) tabşyrarlar. Synag öňküsi ýaly mekdeplerde ýa-da synag merkezlerinde geçiriler.


10.01.2026 19:10
3.5k+

ABŞ-nyň ilçihanasy mugallymlar üçin Fulbraýt maksatnamasy boýunça bäsleşik yglan etdi

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy 2026–2027-nji okuw ýyly üçin Fulbraýt maksatnamasynyň «Mugallymçylyk ussatlygyny kämilleşdirmek» atly ugry boýunça açyk bäsleşigi yglan etdi. Bu maksatnama mugallymlara öz hünär başarnyklaryny ösdürmäge hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlary barada bilimlerini giňeltmäge mümkinçilik berýär...

02.01.2026 16:51
17k+

Türkmenistanly okuwçylara ABŞ-da okamaga mümkinçilik berýän «FLEX» synaglarynyň wagty we ýeri belli boldy

2026-2027-nji okuw ýyly üçin ABŞ-nyň Hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýän ýokary synp mekdep okuwçylary üçin «FLEX» maksatnamasynyň 2025-2026-njy ýylda geçiriljek bäsleşiginiň rejesi belli boldy. Bu barada Halkara bilim boýunça amerikan geňeşleri habar berdi...

30.10.2025 10:24
3.5k+

Coursera Türkmenistanyň Bilim ministrligine bilimiň hilini we dolandyrylyşyny ýokarlandyrmak boýunça çözgütlerini hödürledi

27-nji oktýabrda Waşington şäherinde Coursera kompaniýasynyň wekilleri bilen Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýetiniň iş duşuşygy geçirildi. Duşuşykda kompaniýa bilimiň hilini we dolandyrylyşyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen ekosistemany hödürledi hem-de hyzmatdaşlygyň mümkin bolan ugurlaryny görkezdi...

30.10.2025 09:57
2.1k+

ABŞ-da Türkmenistanyň wekiliýetiniň Kraça institutynyň we Bütindünýä bankynyň wekilleri bilen duşuşygy boldy

27-nji oktýabrda Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Waşington şäherinde Bütindünýä bankynyň hem-de Perdýu uniwersitetiniň ýanyndaky Kraç Tehnologik Diplomatiýa institutynyň wekilleri bilen iş duşuşyklaryny geçirdi...