Bellatorda Usman Nurmagomedowyň Şabliý bilen titul söweşi resmi taýdan yglan edildi

  • 09.03.2024 18:04
  • 14k+

Bellator-yň häzirki çempiony Usman Nurmagomedow bilen diwizionyň birinji belgisi Aleksandr Şabliýiň arasynda ýeňil agramda titul söweşi 17-nji maýda Parižde geçiriljek Bellator Champions Seris ýaryşynyň esasy wakasy bolar. Bu barada fighttime.ru habar berýär.

Bu söweş guramanyň wekilleri tarapyndan resmi taýdan yglan edildi. Bellator tarapyndan ýaýradylan metbugat relizine laýyklykda, bu tutluşyk Gran-pri finaly statusyny ýitirdi. Nurmagomedow watandaşyna garşy söweşde çempion guşagyny gorar. Şol bir wagtyň özünde, ýeňijisi bir million dollar almaly bolan Bellator-yň ýeňil agramly söweşijileriniň Gran-prisi barada hiç hili agzalmaýar.
Bellator-yň ikinji möhüm wakasy diwizionyň häzirki çempiony Patrik Miks bilen reýtingde dördünji orny eýeleýän Magomed Magomedowyň arasyndaky iň ýeňil agramda titul söweşi bolar. 


17.06.2026 17:46
15k+

Döwletjan Ýagşymyradow PFL NY ýaryşynda Simeon Pawelle garşy urşar

Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň (MMA) türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow özüniň indiki duşuşygyny 31-nji iýulda Nýu-Ýorkda PFL NY ýaryşynda geçirer. Onuň garşydaşy ýarym agyr agramda PFL reýtinginiň......

01.06.2026 10:58
6.9k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......

17.04.2026 09:31
24k+

«Söweş – meniň ömrüm!» Döwletjan PFL Belfast ýaryşynda Taýson Pedrodan rüstem geldi

Türkmen söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow Demirgazyk Irlandiýanyň paýtagtynda şu gün irden geçirilen PFL Belfast ýaryşynda awstraliýaly Taýson Pedrony ýeňmegi başardy....

13.03.2026 12:13
9.4k+

Hamzat Çimaýew UFC 328 ýaryşynda Şon Striklend bilen tutluşar

UFC-niň orta agramda häzirki çempiony, 31 ýaşly ýeňilmezek Hamzat Çimaýew bu agramda promouşeniň öňki çempiony, amerikaly Şon Striklend bilen tutluşar. Bu barada liganyň X sosial ulgamyndaky resmi akkaunty habar berýär...