Hindistanda emeli aňyň esasynda ilkinji robot-mugallym işe başlady

  • 08.03.2024 17:14
  • 18k+

Hindistanda emeli aňyň esasynda ilkinji robot-mugallym ýurduň günortasyndaky Keral ştatynyň bir mekdebinde peýda boldy. Bu barada TASS habar berýär.

Robot Iris adyny aldy. Oňa açyk reňkli saride hakyky mugallymyň keşbi berildi. Synp otagynyň içinde robot oturdylan tekerleriň kömegi bilen hereket edýär, okuwçylar bilen tanyşanda salamlaşmak üçin olara elini uzadýar. Iris Triwandram şäheriniň Ýokary orta mekdebinde işe başlady. Ol dürli dersler boýunça dürli derejeli soraglara jogap berip bilýär.

“Iris-iň kömegi bilen biz hakyky şahsylaşdyrylan okuwy döretmek üçin emeli aňyň mümkinçiliklerini ulanmak arkaly bilimde rewolýusiýa geçirmegi maksat edinýäris” – diýip, işläp düzüjiler belleýär.

Synçylaryň pikiriçe, ýakyn ýyllarda robot-mugallymlaryň ulanylyş gerimini çaklamak heniz kyn, ýöne Iris tejribesi, gürrüňsiz, geljekki bilim barada düşünje berýär we bu ýerde emeli aň kömekçi roluny ýerine ýetirer.


düýn 10:34
1.7k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....

13.06.2026 16:56
2.1k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......

13.06.2026 12:41
1.7k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

13.06.2026 11:09
1.9k+

Alymlar Gün şöhlesinden we suwdan suwuk ýangyç almak üçin «emeli ýaprak» oýlap tapdylar

Ýel uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Gün energiýasyny ulanyp, suwy we uglerod iki oksidini metanola öwürmäge ukyply enjam döretdiler. Ulgam «emeli ýaprak» ýörelgesi boýunça işleýär we......