Fransiýada Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşjak tomaşaçylaryň sany azaldyldy

  • 07.03.2024 23:02
  • 7.6k+

Fransiýada Prezident Emmanuel Makronyň tabşyrygy bilen Parižde geçiriljek 2024-nji ýylyň Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşjak tomaşaçylaryň sany azaldyldy. Bu barada “Politico” gazetine salgylanyp, TASS habar berýär.

Neşiriň çeşmesiniň maglumatlaryna görä, bu çözgüt märekä gözegçilik etmek we howpsuzlygy üpjün etmek bilen baglanyşyklydyr. Sebäbi açylyş dabarasy ilkinji gezek stadionda däl-de, açyk giňişlikde – Senanyň kenarynda geçiriler.
5-nji martda Fransiýanyň içeri işler ministri Žerald Darmanen Pariždäki 2024-nji ýylyň Olimpiadasynyň açylyş dabarasyna 326 müň töweregi adamyň tomaşa edip biljekdigini aýtdy. Gazetiň belleýşi ýaly, bu tomaşaçylaryň ilkibaşda meýilleşdirilen sanyndan tas iki esse azdyr: 2022-nji ýylyň oktýabr aýynda ministr çärä 600 müň adamyň gatnaşyp biljekdigini aýdypdy.
Pariždäki Olimpiada 26-njy iýuldan 11-nji awgust aralygynda geçiriler.


düýn 10:38
2.7k+

«PSŽ» 14-nji we yzygider bäşinji gezek Fransiýanyň çempiony boldy

«PSŽ» möhletinden ir Fransiýanyň çempionatynyň ýeňijisi boldy....

13.05.2026 09:28
3.4k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

06.05.2026 23:46
1.8k+

Täjigistanyň paýtagty World Judo Masters-2026 ýaryşyny kabul eder

Halkara dzýudo federasiýasy (IJF) dünýäniň iň abraýly ýaryşlarynyň biri bolan World Judo Masters ýaryşynyň 2026-njy ýylyň 18-20-nji dekabry aralygynda Duşenbe şäherinde geçiriljekdigini resmi taýdan yglan etdi....

06.05.2026 22:54
1.7k+

KHBS: HOK kibersport boýunça ýöriteleşdirilen komitetiň işini togtatdy

Halkara olimpiýa komiteti (HOK) kibersport boýunça ýöriteleşdirilen komitetiň işini togtatdy. Bu barada Ýaponiýanyň «Livedoor» neşiri habar berýär....