Altynyň bahasy rekord derejä ýetdi

  • 07.03.2024 12:54
  • 23k+

Altynyň bahasy Comex biržasynda bir troý unsiýa üçin 2161 dollardan geçip, rekord derejä ýetdi. Hünärmenler gymmat bahaly metalyň ösüşini dowam edýän geosyýasy hereketler, inflýasiýa garaşmalary we fond bazarynda bolup biljek üýtgemeler bilen baglanyşdyrýarlar.

Geosyýasy wakalar sebäpli ýüze çykan dünýä arenasyndaky durnuksyzlyk altyna bolan islegi güýçlendirýär. ABŞ-da we ýewrozonada göterim goýumlarynyň peselmegine garaşmalar hem altyny maýadarlar üçin has özüne çekiji edýär.
Mundan başga-da, bahalaryň işjeň ösüşi, ilkinji nobatda, ABŞ-daky saýlaw sikli bilen baglanyşykly bolup biläýjek üýtgemelerden heder etmeler, şeýle-de global gämi gatnawyndaky bökdençlikler bilen baglanyşdyrylýar.

şu gün 08:01
234

Türkmenistanyň Prezidenti harby gulluga çagyrmak we harby gullukdan boşatmak hakynda Permana gol çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurduň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak hem-de raýatlaryň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi...

düýn 17:19
1.8k+

Günorta Koreýa Türkmenistandaky täze ilçisini belledi

Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrligi Li Won Çženi Türkmenistandaky täze Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belledi. Bu barada Daşary işler ministrligine salgylanyp, «Orient» habar berýär...

düýn 16:23
927

Geçen hepde TDHÇMB söwdalarynda geleşikleriň bahasy ABŞ-nyň 9 mln dollaryndan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda jemi 34 sany geleşik hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň we Gruziýanyň işewürleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanalarynda öndürilen polipropileni we binýatlyk ýagy satyn aldy...

düýn 14:48
7.6k+

Türkmenistan goňşy Eýrana doganlyk goluny uzadyp, ynsanperwer kömegini ýollady

Oraza aýynyň dowam edýän günlerinde Türkmenistan Eýran Yslam Respublikasynyň halkyna ynsanperwer kömegini ugratdy. Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, bu ýük, ilkinji nobatda, goňşy ýurduň çagalaryna niýetlenendir...