Bitkoin rekordyny täzeledi: Bahasy 69 müň dollara çenli ýokarlandy, ýöne soňra birdenkä aşak düşdi

  • 06.03.2024 17:42
  • 7.4k+

Bitkoiniň bahasy 2021-nji ýylyň 10-njy noýabryndan bäri ilkinji gezek rekord derejede 69 müň dollara ýetdi.

Coinbase-da onuň iň ýokary bahasy 69320 dollar, Binance-da bolsa laýyk 69 müň dollar boldy. Iň ýokary görkezijisi täzelenen badyna bitkoiniň bahasy pese gaçyp başlady we 59005 dollara düşdi. 6-njy martda, çarşenbe güni irden bu nyrh 66 müň dollara ýetdi.
Bitkoiniň bahasy yzly-yzyna iki hepde bäri ýokarlanmagyny dowam etdirýär. Ýylyň başyndan bäri onuň bahasy 50%-den gowrak ýokarlandy.
Ösüşiň sebäbi institusional maýa goýumlardyr: Bitkoine maýa goýýan iri kompaniýalaryň we maýadarlaryň sany barha artýar. Maýadarlar bitkoini inflýasiýa garşy gorag hökmünde görýärler.


13.05.2026 22:54
2.2k+

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

06.02.2026 09:27
2.6k+

Bitkoin 63 müň dollardan aşak düşdi: bu onuň ýeten iň ýokary görkezijisinden iki esse arzan

Binance biržasynyň maglumatyna görä, bitkoin kriptowalýutasynyň kursy Aşgabat wagty bilen sagat 01:55-de 62 345 dollara çenli pese düşdi. Bu görkeziji 2025-nji ýylyň oktýabr aýyndaky taryhy iň ýokary derejeden iki esse azdyr...

05.02.2026 18:27
4.3k+

Bitkoiniň pese gaçmagy zerarly tutuş kriptobazar tas ýarym trillion dollar ýitirdi

Soňky bir hepdede kriptowalýuta bazary, takmynan, ýarym trillion dollar ýitirdi: 29-njy ýanwardan bäri onuň kapitalizasiýasy 467,6 mlrd dollar azaldy. Esasy zarba bitkoine degdi, onuň pese düşmegi bitkoiniň gorag aktiwi hökmündäki ornuna şübhäni artdyrdy diýip, Bloomberg habar berýär...

01.02.2026 11:29
2k+

Bitkoiniň bahasy 11-nji aprelden bäri ilkinji gezek 80 müň dollardan aşak düşdi

Bitkoiniň bahasy söwdalaryň barşynda 2025-nji ýylyň 11-nji aprelinden bäri ilkinji gezek 80 müň dollardan aşak düşdi. Muny Binance biržasynyň maglumatlary tassyklaýar. Aşgabat wagty bilen sagat 09:30-da bitkoin 78,9 müň dollar töwereginde bahalandyryldy, bu bolsa günüň dowamynda 5,20% pese gaçyşy aňladýar...