50 Mp kameraly we 5000 mA/sag akkumulýatorly arzan Realme smartfony tanyşdyryldy

  • 05.03.2024 15:02
  • 7.3k+

Realme kompaniýasy köne modelleriniňkä meňzeş dizaýny bolan Realme 12+ arzan smartfonuny tanyşdyrdy.

Realme 12+ smartfony Full HD+ durulykly we 120 Gs täzelenme tizligi bolan 6,7 dýuýmlyk AMOLED displeý bilen üpjün edilendir. Smartfonyň arka paneli Realme 12 Pro we Pro+ modellerinde bolşy ýaly, eko-deriden ýasaldy.
Esasy kamera 50 megapikselli Sony LYT-600 sensoryna eýe bolup, ultra giň burçly kamera we degişlilikde, 8 we 2 megapikselli makro modul bilen üsti ýetirilýär. Frontal kameranyň mümkinçiligi 16 megapiksel.
Täze önümiň öndürijiligi 8 GB operatiw we 256 GB goşmaça ýat, şeýle hem MediaTek Dimensity 7050 çipi bilen üpjün edilýär. GSMArena maglumatlar bazasynda habar berilmegine görä, enjamda ýat kartalary üçin goldaw ýok.
5000 mA/s sygymly akkumulýator 67W çalt zarýad bermegi goldaýar. Realme 12+ öňünden gurnalan Realme UI 5.0 gabykly Android 14 bilen işleýär. Beýleki aýratynlyklaryň hatarynda NFC we ulanyjynyň impulsyny ölçemäge ukyply ekranyň aşagyndaky barmak yzy skaneri bellenilýär.
Smartfon häzirki wagtda dünýäniň birnäçe ýurdunda elýeterlidir. Mysal üçin, Indoneziýada Realme 12+ smartfonunyň bahasy 4,2 million indoneziýa rupiýasyna (267 dollar) deňdir.

şu gün 14:47
1.2k+

Türkmenistanyň müftüsi wezipesine Rahman Gurbanmyradow bellenildi

Gypjakdaky Türkmenbaşynyň ruhy metjidinde din işgärleriniň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat......

düýn 20:14
3.2k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
1.2k+

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
5.3k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....