“Titanik” filminde baş gahrymanlaryň birini halas eden gapy auksiona çykarylar

  • 04.03.2024 23:09
  • 16k+

“Titanik” filminiň finalynda baş gahryman Rozany halas eden gapy ABŞ-da geçiriljek Heritage Auctions auksionyna çykarylar. Auksion 20 – 24-nji martda geçiriler, lotuň başlangyç bahasy 40 müň dollar diýip, daily.afisha.ru habar berýär.

Auksionyň saýtynda bu gapynyň 1912-nji ýylda “Titanik” gark bolandan soň saklanyp galan iň meşhur bölekleriň esasynda ýerine ýetirilen rekwizitdigi bellenilýär. Ol Täze Şotlandiýanyň Galifaks şäherindäki Deňiz muzeýinde saklanýan Lýudowik XV-iň stilindäki bezeg panelini ýada salýar.
Gapydan başga-da, Rozanyň filmiň ahyrky sahnalarynda geýen şifon köýnegi auksiona çykarylar.
Gapynyň uzynlygy, takmynan, 2,44 metre we ini 1,04 metre barabar. Ýatlap geçsek, filmiň ahyrynda gapy böleginde Roza (Keýt Winslet) halas bolýar, emma Jek (Di Kaprio) bolsa söýgülisi üçin özüni pida edip, sowuk suwda doňýar.

şu gün 14:47
1.2k+

Türkmenistanyň müftüsi wezipesine Rahman Gurbanmyradow bellenildi

Gypjakdaky Türkmenbaşynyň ruhy metjidinde din işgärleriniň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat......

düýn 20:14
3.2k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
1.2k+

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
5.3k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....