Unitree gumanoid roboty tizlik rekordyny täzeledi we tansy bilen hemmäni haýran etdi

  • 04.03.2024 19:20
  • 6.6k+

Unitree kompaniýasy Evolution V3.0 atly H1 gumanoid robotynyň täze wersiýasyny hödürledi diýip, New Atlas ýazýar.

Robot diňe bir sekuntda 3,3 metr tizlikde (sagatda 11,9 km) hereket edip, rekordy täzelemek bilen çäklenmän, eýsem tans etmek, bökmek we basgançaga münüp-düşmek arkaly köp taraplydygyny görkezdi.
H1 - bu Unitree-niň her aýagy 5 basgançakly erkinlik we her goly 4 basgançakly erkinlik bilen enjamlaşdyrylan ilkinji gumanid robotdyr. Ol iki sany Intel Core i7-1265U prosessor bilen işleýär we Intel RealSense D435i çuňluk kamerasy we Livox MID360 LiDAR moduly bilen enjamlaşdyrylandyr.
H1 satyn almak üçin elýeterli däl, ýöne, onuň bahasy, takmynan 90 000 dollar bolar.

H1-iň tehniki häsiýetnamasy:

  • Boýy: 1 805 mm
  • Agramy: 47 kg
  • Ýük göterijilik kuwwaty: 30 kg
  • Hasaplaýyş güýji: iki sany Intel Core i7-1265U
  • Datçikleri: Intel RealSense D435i çuňluk kamerasy, Livox MID360 LiDAR moduly

14.02.2026 18:31
7.4k+

Sönmez yşyk: Kaliforniýada 125 ýyl bäri ýanyp duran lampa syýahatçylary haýran edýär

Kaliforniýanyň ýangyn söndüriş bölümleriniň birinde 1901-nji ýylda ýakylan lampa henizem işläp dur. Daily Mail neşiriniň ýazmagyna görä, şol sebäpli bu ýer syýahatçylaryň arasynda meşhur ýerleriň birine öwrüldi...

09.01.2026 11:28
6.4k+

Hytaý dünýäniň iň çalt otlusyny jemleýji synaglara taýýarlaýar

2026-njy ýylda dünýäniň iň çalt elektrik otlusy bolan CR450 ýolagçy gatnawlaryna rugsat almak üçin iň soňky "ulanylyş bahalandyrmasyndan" geçer. Hytaýyň China Railway Rolling Stock Corporation (CRRC) korporasiýasy demir ýol infrastrukturasyna 520 milliard ýuan maýa goýmagy we 2000 kilometrden gowrak täze ýoly işe girizmegi meýilleşdirýär...

26.12.2025 09:16
7.6k+

Hytaýly inženerler magnitli platformany 2 sekuntda 700 km/s tizlige çykardylar

Hytaýda geçirilen synaglaryň barşynda köp tonnalyk elektromagnit dartyş güýji bilen işleýän wagon-platformany bary-ýogy iki sekundyň içinde 700 km/s tizlige çykarmak başartdy. CCTV-niň habar bermegine görä, bu görkeziji şeýle gurluşlar üçin dünýä rekordy boldy...

23.12.2025 18:27
5.7k+

Ýaponiýa lazer aragatnaşygy arkaly 2 Tbit/s tizlikde maglumat geçirip, dünýä rekordyny goýdy

Ýaponiýanyň Milli maglumat we kommunikasiýa tehnologiýalary instituty (NICT), şäher gurşawynda lazer şöhlesiniň kömegi bilen maglumatlary 2 Tbit/s tizlikde üstünlikli geçirip, erkin giňişlikdäki optiki aragatnaşyk (FSO) boýunça dünýä rekordyny yglan etdi...